JEMGYÝET

Ärdogan milli Liderimizi Oraza baýramy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiziň adyna mübärek Oraza aýynyň tamamlanmagy bilen bellenýän Oraza baýramy mynasybetli daşary ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylaryndan gutlag hatlary gelýär. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Milli Liderimizi Oraza baýramy mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen hatarda Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň döwlet Baştutanlary gutladylar.

Türkiýäniň Prezidentiniň gutlagynda hususan-da şeýle diýilýär:

– Gadyrly doganym, Siziň Alyhezretiňizi mübärek Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Açyklyk, raýdaşlyk we geçirimlilik duýgulary bilen ýetip gelen bu mübärek baýramyň täsiri heniz hem dowam edýän çylşyrymly epidemiýa döwründe tutuş dünýä parahatçylyk, rehimdarlyk hem-de bereket getirmegini arzuw etmek bilen Türkiýe Respublikasynyň adyndan we hut öz adymdan Size saglyk hem-de bagt, doganlyk türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn!

Hazar deňziniň türkmen bölegine 19 milliardlyk maýa goýum

Ýene-de okaň

Kanadanyň Premýer-ministri 8 ýyldan soň ilkinji gezek Hytaýa barar

“Arkadag” toparynyň garşydaşy “Al-Nasr” 3 oýundan bäri ýeňilýär

Türkmenistanyň jemagat hojalyklaryna täze tehnikalar gelip gowuşdy

Türkmenistan-BMG: Parahatçylyk we Bitaraplyk uniwersitetini döretmek maslahatlaşyldy

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Şu ýyl Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçiriler