DÜNÝÄ

Ärdogan milli Liderimizi Gurban baýramy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimize mukaddes Gurban baýramy mynasybetli daşary döwletleriň Baştutanlaryndan gutlag hatlary gelýär. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow we beýleki ençeme ýurduň döwlet Baştutanlaryny öz gutlaglaryny iberdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly,Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gutlag hatynda şeýle diýilýär.

Hormatly Prezident, gadyrly Doganym! Siziň Alyhezretiňizi Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türk halkynyň adyndan we hut öz adymdan halklarymyzy ýakynlaşdyrýan bu mukaddes baýramyň parahatçylyk we abadançylyk getirmegini dileýärin.

Gadyrly doganym, Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk hem-de dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk dileg edýärin.

 

Sowgatlar Size garaşýar: “Atavatan Krossword”

 

Related posts

Bütindünýä gümrük guramasynyň ýolbaşçysyny kabul edildi

vepa

BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili bilen duşuşyk

Türkmenistan BMG-niň suw boýunça halkara maslahatyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri