TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Aral boýunça Türkmenistanyň Milli maksatnamasy taýýarlandy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Aral boýunça Türkmenistanyň Milli maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylandygy barada hasabat berdi.

Tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagy hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli, sebit hem-de ählumumy derejelerde öňe sürülýän anyk başlangyçlar dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalaryň çäklerinde birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi. Ýurdumyzda bu ulgamlarda toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak boýunça giň gerimli işler geçirilýär. Milli Liderimiziň şu ýylyň 29-njy ýanwarynda gol çeken Karary esasynda Aral deňziniň guramagy bilen baglanyşykly amatsyz täsirleri aradan aýyrmak üçin toplumlaýyn çäreler geçirmek maksady bilen, ýörite Pudagara topar döredildi. Onuň düzümine ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri girizildi.

Türkmenistanyň Aral boýunça Milli maksatnamasyny taýýarlamak hemişelik esasda hereket edýän bu toparyň mejlisleriniň gün tertibinde möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Häzir degişli teklipleriň we bellikleriň esasynda onuň deslapky taslamasy taýýarlanyldy.

Sekiz bölümden ybarat bu resminama Aral sebitinde durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hereketleriň möhüm ugurlaryny kesgitleýär. Olar milli derejede kabul ediler.

Maksatnama ýurdumyzyň ýer we suw kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy ýagdaýlaryň täsirini nazara almak bilen, öňüni alyş çärelerini geçirmek, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, tokaý zolaklaryny döretmek, bioköpdürlüligi goramak ýaly wajyp wezipeleri öz içine alýar.

 

Abu-Dabiniň Ösüş Gaznasy Türkmenistanda täze taslamalary maliýeleşdirer

Ýene-de okaň

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Teswirle