TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

«Apple» ýiten enjamlary telefon arkaly tapýan gurluşy hödürledi

«Apple» kompaniýasy 2021-nji ýyldaky iň uly tanyşdyryş dabarasyny geçirip, täze önümlerini köpçülige görkezdi.

Deslapky maglumatlara görä, geçen güýzde diňe «Mac» haryt nyşanly önümlere mahsus bolsa M1 çiplerini mundan beýläk «iPad Pro» modellerinde hem görüp bileris.

Häzir tehnologiýa äleminde çipler bilen bagly durnuksyz ýagdaýlara garamazdan, «Apple» olaryň önümçiliginde ýüz öwrenene meňzänok. Tersine, önümçiligi giňeldýär.

Kompaniýanyň tanyşdyran beýleki bir önümi bolsa dürli enjamlara geýdirilýän, olar ýiten wagtynda el telefony bilen tapmaga mümkinçilik berýän «Air Tag» gurluşydyr. Täze önümiň şu aýyň ahyrynda satuwa çykmagyna garaşylýar.

Bulardan başga-da, dabara gatnaşanlar «iMac» noutbuklarynyň täze taslamalary bilen hem tanyşdylar.

 

Messiniň nobatdaky rekordy

 

 

Ýene-de okaň

“Ga­laxy S23” smart­fon­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy

Ata Watan Eserleri

“Facebook” ulanyjylarynyň sany 2 milliarddan geçdi

“Apple” şereketiniň önümlerindäki i harpynyň manysy

Teswirle