TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

“Apple” ýene-de dünýä birinjiligini eýeledi

Amerikanyň tehnologiýa ägirdi «Apple» umumy gaznasy 3 trillion dollardan geçen ilkinji kompaniýa boldy. Şeýlelikde, Stiw Jobsuň ilkinji «iPhone»-y dünýä jemgyýetçiligine tanadan gününden (2007-nji ýyl) bäri kompaniýanyň esaslyk maýasy 5800 göterim artdy.

Beýgelmek-peselmek uly kompaniýalaryň tebigatynda bar. Nýu-Ýorkda geçirilen hasap-hesip işleriniň tamamlanmagyndan sähel ozal kompaniýanyň serişdesi 2,99 trillion dollara çenli peseldi.

Deslapky hasaplamalara görä, «Apple» pandemiýa döwründe iň kän girdeji gazanan tehnologiýa kompaniýasy boldy. «Wedbush» neşiriniň bilermeni Den Aýwesiň aýtmagyna görä, «3 trillion dollar tapmak ― «Apple» üçin taryhy pursat. Şeýlelikde, kompaniýa özünden şübhe edenleri ýalňyşdyrmagy başardy».

Ýeri gelende aýtsak, kompaniýanyň esaslyk maýasynyň 2 trillion dollardan 3 trillion dollara çykmagy üçin bary-ýogy 16 gerek boldy. Kompaniýa 2018-nji ýylda 1 trillion dollar gazanan dünýädäki ilkinji kompaniýa bolmagy başarypdy.

«iPhone» telefonlary kompaniýanyň satýan harytlarynyň deň-ýaryny tutýar. Ýöne kompaniýanyň «iPad» tabletleri we «Mac» kompýuterleri hem meşhurdyr. «Apple Store» arkaly satylýan programmalar, «iCloud» arkaly bulut ammar hyzmaty, aýdym-saz, telewideniýe, fitness ýaly hyzmatlar kompaniýanyň beýleki girdejilerini düzýär.

Geçen ýylyň awgust aýynda kompaniýanyň Dolandyryş bölüminiň ýolbaşçysy Tim Kuk bu wezipede işlän 10-njy ýylynda 5 milliondan gowrak maýa satyn aldy. Soňra ol özüne degişli maýany 750 million dollara satdy.

«Apple» kompaniýasy 1976-njy ýylda Kupertinonyň, Stiw Jobsuň, Stiw Wozniagyň we Ronald Weýneniň bilelikde esaslandyrmagynda emele geldi.

1980-nji ýylda kompaniýanyň esaslyk maýasy 1,8 milliard dollara ýetdi. Geçen ýylyň noýabr aýynda Wozniak bilen Jobsuň bilelikde döreden ilkinji «Apple» kompýuteri bäsleşikli söwda arkaly 400 müň dollara satyldy. 

 

 

Milli Liderimiz Mary welaýatynyň öri meýdanlary bilen tanyşdy

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle