TEHNOLOGIÝA

“Apple” we “Samsung” ýakynda täze önümlerini tanyşdyrar

Tehnologiýa babatynda dünýäniň iki sany öňdebaryjy “Samsung” we “Apple” kompaniýalary özüniň öndüren täze önümleriniň tanyşdyrylyş dabaralaryny aprel aýynyň ahyryna çenli geçirerler. Bularyň ikisiniň hem tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirjek bolýandyklary barada ýakynda “Siri” atly programma kömekçisi habar berdi.

“Vesti.ru” saýtynyň habar bermegine görä, Amerikanyň “Apple” kompaniýasynyň täze önümlerini tanyşdyrmak isleýän dabarasy onlaýn ýagdaýda geçiriler. “Apple Park” atly kompaniýanyň şäherçesinden tanyşdyrylyş dabarasy 20-nji aprelde agşam sagat 22:00-da başlanar.

Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy hem “Iň güýçli Galaxy gelýär” diýen şygaryň astynda özüniň dabarasyny 28-nji aprelde sagat 19:00-da geçirer. Bu kompaniýanyň dabarasy hem onlaýn ýagdaýda geçiriler.

Kompaniýalardan haýsy täze önümler garaşylýar?

Apple” kompaniýasyndan

Käbir çeşmelere görä, “Apple kompaniýasy” özüniň dabarasynda täze “iPad”, şeýle hem  kompaniýanyň täze prosessorlary bolan “Mac” kompýuterlerini, “AirPods” gulaklygyny we “AirTag” akylly birikdirijisini tanyşdyrar.

Samsung” kompaniýasyndan

Ýene-de käbir çeşmeleriň habar bermegine görä, “Samsung” kompaniýasy özüniň dabarasynda “5G we OLED ekranly täze “Galaxy Book” noutbuklaryny, şeýle hem “Google” operasiýa ulgamynda işlejek “Hromebooks”-lar we “Galaxy Z Flip, Galaxy Z Fold 3” eplenýän akylly telefonlaryň täzelenen görnüşleriniň tanyşdyrylmagyna garaşylýar.

 

Türkiýede Oraza aýynda 2 hepdelik çäklendirme

 

 

 

Ýene-de okaň

Gazagystanda ilkinji emeli aň uniwersiteti döredilip biler

“Nvidia” bazar bahasy $4,5 trilliona ýeten ilkinji kompaniýa

NASA Aýda oba gurmagy meýilleşdirýär

2025-nji ýyl: dünýäniň iň güýçli 10 robot taýýarlaýjy topary

Gazagystan emeli aň ministrini belledi

Emeli aň üçin 100 milliardlyk şertnama