TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

APL-de poker etmegi başaran futbolçylar

Futbol duşuşygynda poker etmek – ýagny, bir oýunda dört gol geçirmek hemmelere başardanok. Beýle netijä ýetmek üçin hem topardaşlaryň bilen özara düşünişmegiň wajyp hem-de şol gün saňa şowlulyk ýaran bolmaly. Sebäbi, oýnuň netijesine täsir etjek oýunçylar garşydaşyň derwezesine birnäçe urgy etse-de olaryň hemmesi derwezä gönügip baranok. Biz bu ýerde diňe bir Ýewropanyň däl, dünýäniň hem gyzykly ligalarynyň biri bolan Angliýanyň Premýer Ligasynda poker etmegi – bir oýunda dört geçirmegi başaran futbolçylar bilen tanyşdyrmakçy.

Bu sanawa “Mançester Sitiniň” rowaýaty hüjümçisi Aguero iki gezek düşse-de bularyň iň täsirlisi Andreý Arşawiniňki boldumyka diýýän.

Kewin De Bruýne, “Mançester Siti” – “Wulwerhempton” 5:1, 11.05.2022

Biziň sanawymyzdaky poker geçirmegi başaran ýeke-täk ýarymgoragçy (Kewin öz toparynda hüjüme ýakyn ýarymgoragçy bolup çykyş edýär). APL-de beýle ajaýyp netije De Bruýneniň topary bilen çykan 305-nji duşuşygynda bolup geçdi. Sebäbi futbol janköýerleri ony has ajaýyp asist paslary bilen tanaýarlar.

 Andreý Arşawin, “Liwerpul” – “Arsenal” 4:4, 21.04.2009

Eýýäm 13 ýyl bäri russiýaly hüjümçi öz elinde “Enfild” stadionynda poker etmegi başaran ýeke-täk oýunçy derejesini saklap gelýär. Bu poker hat-da “Liwerpulyň” janköýerleriniň hem ýadyndan çykmadyk bolsa gerek.

Mohamed Salah, “Liwerpul” – “Uotford” 5:0, 17.03.2018

Müsürli ýyldyz futbolçynyň şol duşuşykdaky pokeriniň hem geň galdyryjy tarapy bar. Salah muny başarmak üçin garşydaş derwezä 4 urgy geçirdi, her urgy şowly netije bilen tamamlandy.

 Edin Džeko, “Tottenhem” – “Mançester Siti” 1:5, 28.08.2011

Džeko hem garşydaş toparyň derwezesinden poker geçirmegi myhmançylykda başardy. Bu “Tottenhemiň” hut öz stadionynda ýagny, “Uaýt Hart Leýnde” bolup geçipdi.

Luis Suares, “Liwerpul” – “Norwiç Siti” 5:1, 04.12.2013

Uruguaýly hüjümçi “Liwerpulda” çykyş edýärkä hut “Norwiçiň” derwezesinden gol geçirmegi “gowy görer” eken. APL-de bu topara garşy geçiren 6 duşuşygynda ol 12 gol geçirmegi başarypdyr. 2013-nji ýylda geçen şol duşuşykda Suares poker edipdir welin, şol gollaryň her haýsy aýratynlykda möwsümiň “iň owadan goly” bolmaga dalaş edip biljek eken.

Serhio Aguero, “Mançester Siti” – “Tottenhem” 4:1, 18.10.2014

Ýaňy-ýakynda hormatyna heýkel oturdylan Aguero bu duşuşykda aslynda diňe bir poker däl, eýsem penta-trik hem edip biljek eken. Ol 32-nji minutda penaltiden gol geçirip bilmändir.

Serhio Aguero, “Mançester Siti” – “Lester” 5:1, 10.02.2018

Bu duşuşykda-da argentinaly hüjümçi ajaýyp netije bilen tapawutlandy. Poker geçirmek üçin Aguero duşuşygyň ikinji ýarymy hem ýeterlik boldy. Gollar 48-nji minutdan başlap 90-njy minut aralygynda geçdi.

Serdar Muhamow, sport synçysy

Matematika dersi logikany ösdürýär

 

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle