TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
turkmenmaglumat.comÝazyjylar,Şahyrlar

Annagylyç Mätäji

Doglan ýeri:Aşgabat şäheriniň etegindäki Köşi obasy

Doglan senesi: 1824-nji ýyl

Aradan çykan senesi:1884-nji ýyl

Bilimi:Başlangyç bilim alypdyr garyplygy zerarly medresede okap bilmändir.

Gysgaça maglumat: Türkmen edebiýatynyň iň görnükli wekilleriniň biri-de Annagylyç Mätäjidir. Şahyryň çyn ady-Annagylyç, Mätäji bolsa edebi lakamydyr. “Mätäji” diýmek “mätäç,  hor-homsy, garyp-pukara, ýowuz güne duçar bolan” ýaly manylary aňladýar.Şahyr “Elden gider” diýen goşgusynda: “Men bu gün matam tutup, Mätäji goýdum adyma” diýip, bu ady lakam edip alandygy barada habar berýär.Onuň ata-enesi garyp daýhan bolupdyr.Mätäji ýaşlykdan ýetim galypdyr, ilki kakasy, yzzysüre ejesi aradan çykypdyr.

Şahsy durmuşy:Mätäjiniň Sapargylyç atly özünden uly dogany-agasy bolupdyr. Obadaşlary, garyndaşlary ýetim galan çagalara hossarlyk edipdirler. Olar ýetişenlerinden soň, talabançylyk edýärler, daýhançylyk bilen meşgullanýarlar. Sapargylyç ýigitlik ýaşa ýetenden soň keselläp aradan çykypdyr. Mätäji okamagy gowy görýän eken.aýratyn-da, çeper eserleri ürç edip okapdyr.Şahyr ýaşlyk ýyllarynda öz obadaşy Annagül atly bir gyza köňül berýär.Emma garyplygy hem-de zyýanly urp-adat zerarly, Annagül bilen maşgala durmuşyny gurup bilmändir.bu aýralyk hasraty şahyryň söýgi şygyrlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.Mätäjiniň bäş ogly we üç gyzy bolupdyr.Şahyryň perzentleriniň biri Molladurdydyr. Ol kakasynyň şahyrlyk keşbini dowam etdiripdir.

Döredijiligi: Magtymgulynyň ýol-ýodasyny dowam etdiripm nusgawy şahyr ada mynasyp bolan Mätäjiniň şygyrlary özleriniň şirinligi, many-mazmun dykyzlygy we halky äheňi bilen öz zamanasynda-da uly hormata mynasyp bolupdyr.Şahyryň şygyrlary şu günler hem sadadan akgynlygy, owazlylygy, aýdym-saz äheňliligi ýaly nusgalyk göreldeleri bilen halk arasynda meşhurdyr. Mätäji XIX asyr türkmen jemgyýetçilik ýaşaýşynyň köp meseleleri barada öz garaýyşlaryny orta atypdyr. Şolaryň biri gündelik durmuş tematikasy bolup, bu mesele babatda dünýewi pelsepe, degerli öwüt-nesihatlar öňe sürülýär.Ynsan edim-gylymyna, girim-çykymyna ýiti synçylyk şygyrlaryň şüweleňini artdyrýan häsiýetleriň biri bolupöňe saýlanýar.

Çeşme:umumy orta bilim berýän mekdepleriň 7-nji synpy üçin okuw                                 kitaby.-A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016 sahypa-243-256

Taýýarlan : Aýlar Nurmuhammedowa

Taýýarlanan senesi:18.04.2022 ýyl

Mollanepes

 

 

Ýene-de okaň

Mämmet Seýidow

Gülnar Orazgylyjowna Nuryýewa

Togrulbeg Hallyýewiç Artykow

Ata Watan Eserleri

Teswirle