SPORT

Angliýanyň futbol taryhyna geçdi

Angliýanyň “Premýer ligasynyň” 17-nji tapgyrynda “Liwerpul” topary “Nýukasl” topary bilen duşuşdy. Duşuşygy 3:1 hasabynda ýeňen “Liwerpul” topary Angliýanyň futbol taryhyna adyny ýazdyrdy.

“Premýer ligada” öňdäki orny eýelemek ugrunda bäsleşýän “Liwerpul” topary öz meýdançasynda “Nýukasl” toparyny 3:1 hasabynda ýeňdi. “Nýukasl” topary duşuşygyň 7-nji minutynda Şewleýiň goly bilen öňe geçdi.

Ýöne “Liwerpul” topary derwezesine gönükdirilen goldan soňra has tijenip, garşydaş  toparyň derwezesine 3 gol geçirdi. “Liwerpul” toparynyň düzüminde Diego Jota, Mohamed Salah hem-de Trend aleksanr Arnold tapawutlandy.

“Liwerpul” toparynyň bu ýeňşi Angliýanyň futbol taryhynda 2000-nji duşuşykda gazanylan ýeňiş hökmünde hasaba alyndy we bu üstünlige ýeten ilkinji topar boldy.

 

Russiýadan Mongoliýa tebigy gaz geçirijisi çekiler

 

Related posts

Serdar Azmun “Marsel” toparyna geçip biler

Leonardo Bonuççi “Fenerbahçe” toparynda oýnar

Ata Watan Eserleri

10 ýyldan soňra toparyndan gidýär