MEDENIÝET

Änew şäheri – türki dünýäsiniň medeni paýtagty boldy

Türkmenistanyň Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” derejesine eýe boldy. Bu baradaky degişli karar TÜRKSOÝ guramasynyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde kabul edildi. Bu mejlis Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Bursa şäheri 2022-nji ýylda bu derejä eýe bolupdy.

Duşuşyk boýunça jemleýji beýannama gurama gatnaşyjy döwletleriň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary, şol sanda Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow hem gol çekdi.

Jemleýji beýannamada Türkiýe Respublikasynyň guramagynda geçirilýän “Teknofest” awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwalyna türki dünýäsiniň ýaşlarynyň bilelikdäki işläp düzen taslamalarynyň gatnaşmagyny üpjün etmek çözgüt kabul edildi.
Şeýle hem 2023-nji ýylda TÜRKSOÝ guramasynyň döredilmeginiň 30 ýylly mynasybetli agza ýurtlarda dabaralary guramak, halkara guramalaryň we ÝUNESKO-nyň çäklerinde çäreleri geçirmek meýilleşdirildi. Türki dünýäsinde geçirilýän “Gorkut Ata” festiwalynyň 2021-nji we 2022-nji ýyllarda üstünlikli geçirilendigi üçin ony TÜRKSOÝ-yň däp bolan maksatnamasyna girizmek babatda ylalaşyldy.

TÜRKSOÝ guramasynyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 40-njy mejlisi geljek ýylyň ahyrynda Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, mundan ozal 2015-nji ýylda Mary şäheri türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilipdi.

“Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly taslama türki halklaryň medeniýetiniň mümkinçiliklerini äşgär edip, olaryň mirasyna ünsi çekmekden ybaratdyr. Bu taslama boýunça her ýylda türki dilli ýurtlaryň dürli şäherlerinde döredijilikli mümkinçilikleri jemläp, şonuň esasynda dürli görnüşdäki täsirli medeni we gumanitar çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

«Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumy baýramçylyk feýerwerki bilen utgaşar

Aşgabat Magtymguly Pyragynyň şygyrlary we suratlary bilen bezeldi

Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygyna bagyşlanan konsert

Magtymgula bagyşlanan dokumental film gyrgyz teleýaýlymlarynda görkeziler

Madonnanyň mugt konserti 60 million girdeji getirdi

Ata Watan Eserleri