JEMGYÝET

Andrea Meza ― dünýä gözeli

Meksikanyň iň owadan zenany Andrea Meza indi «Dünýä gözeli» adyna hem mynasyp boldy. 26 ýaşly Meza 73 döwletiň wekilini yzda galdyryp, bu hormatly adyň eýesi boldy.

Bäsleşikde ikinji orny braziliýaly, üçünji orny bolsa peruly gözeller eýeledi.

Meza asyl käri boýunça programma önümçiligini işläp çykaryjy. Ol baýrak gowşurylyş dabarasyndaky ýüzlenmesinde adamlary gözellik standartlaryny üýtgetmäge çagyrdy.

Has takygy, dünýä gözeliniň çykyşynda şeýle sözler bar:

― Jemgyýetimiz günsaýyn ösýär we ösen jemgyýet hökmünde stereotipleri hem ösdürmeli. Gözellik diňe bir adamyň daşky görnüşi däl, eýsem, gözellik ruhumyzda, ýüregimizde, özümizi alyp barşymyzda öz beýanyny tapmalydyr. Hiç kimiň size gadryňyz ýok diýmäge haky ýokdur.

 

Türkmenistan-Gyrgyzystan:nebitgaz pudagyndaky taslamalar maslahatlaşyldy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi