SPORT

Ançelotti täzeden “Reala” dolandy

Karlo Ançelotti täzeden Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň tälimçisi wezipesine bellendi. Ol bu wezipede Zinedin Zidanyň ornuny çalyşdy.

Ançelotti bilen 2024-nji ýyla çenli şertnama baglaşyldy. Ol mundan ozal, Angliýanyň “Ewerton” toparyna tälim berýärdi. Ançelottiniň ýyllyk zähmet haky 6 million ýewro barabar bolar.

61 ýaşyndaky Ançelotti 2013-2015-nji ýyllarda “Real Madrid” toparyna tälim beripdi. Şol döwürde ol “Real” bilen 4 kubok gazandy. 2014-nji ýylda Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.

Ançelottiniň ozalky tälim beren “Ewerton” topary Angliýanyň çempionatynda 10-njy orny eýeledi we Ýewropanyň kubogy boýunça ýaryşlara gatnaşmakdan mahrum galdy.

Zidan öz başlangyjy boýunça “Real Madrid” toparyndan 27-nji maýda wezipesini tabşyrdy.

 

2-nji iýunda Ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Özbegistan 2029-njy ýylda IV Aziýa Ýetginjekler oýunlaryny kabul eder

Türkmen türgeniniň Aziýa rekordy

Saud Arabystany binanyň depesinde stadion gurlar

Azerbaýjan topary Gurban Berdiýew bilen şertnamany uzaltmak isleýär

«Arkadag» topary bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň çempionlyk derejesini gazandy

“El-Klasiko”: “Real” topary “Barselonadan” üstün çykdy