JEMGYÝET

“An-26” uçar heläkçiligi üçin gynanç

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Kamçatka ülkesinde “An-26” uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlarynda ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Rus metbugatyndaky habarlara görä, Russiýanyň Kamçatka ülkesinde “An-26” kysymly ýolagçy uçary heläkçilige uçrapdy. Bu pajygaly ýagdaý sebäpli Kamçatka ülkesinde 3 günlük ýas yglan edildi. Uçar heläkçiliginde gurban bolanlaryň maşgalasyna 3,5 million rubl möçberinde pul serişdeleri berler.

 

7-nji iýulda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar