BIZNES

“An-2” kysymly uçarlar üçin awiabenzin öndürilýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň hasabatyna görä, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýurdumyza daşarky bazarlardan getirilýän nebit önümleriniň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýüztutmasy esasynda “An-2” kysymly uçarlar üçin daşarky bazarlardan satyn alynýan awiabenzini öndürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, suwuklandyrylan gazdan awtomobil ýangyjy üçin ýokary oktanly goşundysyny alýan desgada benzinleriň ýokary oktanly komponenti öndürildi.

“Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan bu önüme laýyklyk güwänamasy resmileşdirildi.

Zawodlar toplumy tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalygynda giňden ulanylýan “An-2” kysymly uçarlary milli ýangyç serişdeleri bilen doly üpjün etmek hem-de ýangyjyň bu görnüşini sebitiň ýurtlaryna eksport etmek meýilleşdirilýär.

 

Hususylaşdyryljak desgalaryň sanawy taýýarlandy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 40 milliard 230 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşy

Eýranda 1.7 million awtoulag öndüriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň ikinji duşuşygy

Türkmenistanda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnalar

“Sanly karz” ulgamy hyzmaty ornaşdyrylýar