TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

«Altyn Asyr» topary 7-nji gezek Naýbaşy kubogy eýeledi

Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary taryhynda ýedinji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyny gazanmagy başardy. bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýänleri şu gün geçirilen duşuşykda “Köpetdagdan” üstün çykmagy başardylar. “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda “Altyn Asyr” garşydaşyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Şeýlelkide, “Altyn Asyr” arzyly kubogy soňky ýedi ýylda ýedinji gezek eýelemegiň hötdesinden geldi.

Ýeňiji bolan topara baýraklary TFF-niň başlygy Arslan Aýnazarow gowşurdy.

Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk
“Altyn Asyr” – “Köpetdag” – 2:0
Gollar: 53 Begmyrat Baýow, 68 Selim Ataýew (“Altyn Asyr”)
Duýduryşlar: 23 Güýçmyrat Annagulyýew, 48 Selim Ataýew, 58 Oraz Orazow (“Altyn Asyr”) – 25 Elýas Akyýew, 49 Şiri Annaýew, 52 Baýramgeldi Gulmaýew, 63 Ýazgylyç Gurbanow, 75 Tofik Şukurow (“Köpetdag”)
Meýdandan çykarylan: Tofik Şukurow, oýundan soň (“Köpetdag”)
Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: Resul Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Pälwan Pälwanow (Daşoguz ş.), Berdimyrat Atdyýew (Tejen ş.)
Ätiýaçdaky emin: Akmyrat Gurbanow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: Allabergen Sapaýew (Daşoguz ş.)
Duşuşygyň komissary: Berdimyrat Nurmyradow (Aşgabat ş.)

 

Çempionlar ligasy: “Mançester Ýunaýted” we “Çelsi” indiki tapgyra çykdy

Ýene-de okaň

Katar-2022: Messili Argentina ýary finalda

Katar-2022: Horwatiýa ilkinji ýarym finalçy

Ispaniýanyň ýygyndysyna täze tälimçi bellendi

Teswirle