“Alpnama” — şöhratly taryha waspnama

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda şöhratly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramynyň uly toý, dabara beslenýän günlerinde paýtagtymyzda geçirilýän “Türkmen teatr sungaty” atly teatr bäsleşiginiň çäklerinde Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda “Alpnama” atly spektakl tomaşaçylara görkezildi. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitaby esasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň ýazan “Alpnama” atly sahna oýny toýly günlerde geçirilýän teatr bäsleşiginiň dabarasyna aýratyn röwüş çaýdy. Sahna oýnunyň başlanmagynyň öňýanynda teatryň režissýory, hem-de spektaklda çykyş edýän artistler ýürek buýsançlaryny «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty bilen paýlaşyp, okyjylarymyza toý gutlaglaryny ýetirdiler:

Aýnazar Batyrow,

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri:

Toýly günlerde geçirilýän “Türkmen teatr sungaty” atly teatr bäsleşiginde Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrymyzda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby esasynda “Alpnama” atly eseri sahnalaşdyrdyk. Mähriban Arkadagymyzyň ady agzalan ajaýyp kitabyndaky üç dost baradaky jümläni sahna eserine geçirip, şonuň esasynda teatryň içinde ýene bir owadan eser döretdik. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaby esasynda teatrlarymyzyň ählisinde owadan spektakllar sahnalaşdyryldy. Ählisinde-de meşhur şahsyýetlerimiziň merdana keşbi, halkymyzyň milli gymmatlyklaryna belent sarpasy öz beýanyny tapýar.

Toýlary-toýlara ulaşýan ýurdumyzda, ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygyna Gahryman Arkadagymyz “Ak şäherim, Aşgabat” atly ajaýyp kitaby sowgat berdi. Nesip bolsa, geljekki günlerde owadan teatrymyzda şol kitabyň esasynda ýene-de bir eseri sahnalaşdyrmaklygy ýüregimize düwdük. Sebäbi Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ýüregi, Orta Aziýanyň, dünýäniň merjen şäheri barada eser sahnalaşdyrmak biziň üçin ullakan bagt. Sebäbi hemmämiziň ýaşaýan, günde irden nurana säheri garşy alýan owadan, mermer şäherimize bagyşlanan spektaklyň hemmämiz üçin täsiri üýtgeşik bolar diýesim gelýär. Teatr sungatynyň içinde hökmany ýagdaýda garşylyklaýyn çykyşlar bolmaly. Şonuň üçin bu sahna oýnunda hem Aşgabadyň döreýşinden başlap şu günki bagtyýarlyk döwrümize çenli keşbiniň tomaşaçyda aýratyn täsir galdyrjakdygyna ynanýarys. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda elimize gowşan kitaby bilen adybir “Ak şäherim, Aşgabat” atly sahna eserimiziň edebi esasy Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyňky. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda biz medeniýet, sungat işgärleri köpsanly ýurtlarda döredijilik saparlarynda bolduk, sungat festiwallaryna gatnaşdyk. Haýsy ýurtda bolanymyzda hem merjen şäherimiz — Aşgabadyň owadanlygyna, mähribanlygyna, gündizleriniň şuglaly, gijeleriniň nuranalygyna hasam göz ýetirdik. Bu günki günde toýlary-toýlara ulaşýan ýurdumyzda mermer paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy uludan toýlanylýar. Ähli halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy bu şanly toýlar bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli teatr sungatymyza uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri rowaç alsyn!

Döwletgeldi Berdiýew,

Türkmenistanyň at gazanan artisti:

 — Ýurdumyzyň her güni şanly senelere, tutumly toýlara beslenýär. Aşgabat şäherimiziň 140 ýyllygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň biri hem “Türkmen teatr sungaty” atly teatr bäsleşigi. Biz sungat wekilleri, elbetde, şu bäsleşigiň geçirilýändigine begenjimiziň, guwanjymyzyň çägi ýok. Şeýle dabaralar Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimize, sungatymyza goýýan belent sarpasynyň, hormatynyň nyşany. Nesip bolsa, spektaklymyz şowly bolar diýen ynamymyz bar. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitaby esasynda ýazylan eser bilen tanşanymyzda bizde aýratyn täsir galdyrdy. Spektaklda Beýik Ýüpek ýolundan geçýän kerwensaraýdaky dartgynly pursatlardan baş alyp çykyp, talaňçylaryň hötdesinden gelýän Alp ýigidiň kynçylyklardan üstün çykyşy, düzgün-tertibi ýola goýşy bilen bagly wakalarda hereket edýän baş gahryman —Alp Teginiň keşbini janlandyrdym. Şöhratly taryhymyzdan söz açýan spektaklda Beýik Seljuk imperiýasy döwrüniň ajaýyp häsiýetleri özünde jemleýän şahsyýetleriniň keşbi açylyp görkezilýär. Türkmen ýigidiniň edep-terbiýe, düzgün-tertip bilen, ynsanyň öňünde goýan maksadyna eltýän ýolda ýüze çykan bökdençligi ýeňip geçişini ündeýän spektaklymyza tomaşaçylary diňe bäsleşigiň dowamynda däl-de, soňra-da gelip görmäge çagyrýarys. Spektakl başyndan ahyryna çenli gimnastiki hereketlere, garaşylmadyk pursatlara baýlygy bilen tapawutlanýar. Elbetde, muňa tomaşaçylaryň özleri baha bererler.

Teatr — bu durmuş. Teatr — bu edep. Teatr — bu ýaşaýyşa bolan höwes. Biziň teatrlarymyzyň gapysy tomaşaçylarymyz üçin hemişe açykdyr.

Gahryman Arkadagymyzy, bagtyýar halkymyzy ýetip gelen paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk, şeýle-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli medeniýetimize belent sarpa goýýan, teatr sungatymyzyň kämillik menzillerini nazarlamagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, elmydama tutumly işleri rowaç alsyn!

Aýsoltan Kowusowa,

Türkmenistanyň at gazanan artisti:

— Ilki bilen belläp geçesim gelýän zat, Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrymyzyň döredijilik topary ýurdumyzda her bir geçirilýän dabaralara, baýramçylyklara ajaýyp goşantlaryny goşýar, spektakl sowgady bilen tomaşaçylary begendirip gelýär. Ine birnäçe gün bäri, merjen şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýy toýlanylyp gelýär. Bu ajaýyp toýlara ýene bir dabara sepleşdi. Bu bolsa, ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda dowam edýän “Türkmen teatr sungaty” atly teatr bäsleşigi. Biziň teatrymyz hem bu ajaýyp bäsleşige hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby esasynda “Alpnama” atly ajaýyp sahna eseri bilen gatnaşýar. Eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýän wakalarda halkymyzyň nähili ýagdaý bolanda-da agzybirligi, dost-doganlygy bilen ähli kynçylygy ýeňip geçýänligi barada gürrüň berilýär. Spektaklda öz keşbim barada aýtsam, Haýry beg(Jümri beg lakamly) atly garakçynyň ejesiniň keşbinde ruh bolup çykyş  edýärin. Spektaklyň dowamynda enäniň oglunyň etmişlerinden nägile bolup, onuň dogry ýoldan gitmegini isläp, düýşüne girişi suratlandyrylýar. Bu wakadan soňra Jümri begde ynsan azaby oýanýar. Halkymyzyň milli edep-terbiýe gymmatlyklaryna söýgüsini, ýaş nesilleriň Watansöýüjilik, agzybirlik, dostanalyk ýaly ajaýyp häsiýetlere hormat-sarpasyny artdyrýan spektaklymyz halkymyzyň göwnünden turjakdygyna ynanýarys.

Şular ýaly bäsleşikler biz teatr işgärleri, sahna ussatlary üçin ullakan tejribe bolup, işimizde hasam kämillige ýol açýar, täze maksatlarymyza badalga berýär. Bu bäsleşik dost-doganlygyň, agzybirligiň, türkmen sungatynyň, medeniýetiniň mundanam beýläk ösmegine itergi berýän ajaýyp dabara. Bagtyýar Watanymyzda şeýle dabaralaryň höwri köp bolsun! Döredijiligimizi halk köpçüligine ýetirmäge giň mümkinçilik döredýän Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, alyp barýan ähli beýik işlerinde diňe rowaçlyklar ýaran bolsun! Baýramlaryňyz gutly bolsun!

 

  Şeýle ajaýyp arzuwlar, toý gutlaglary sahna ussatlarynyň her biriniň zybanynda ylham bolup ýaňlanýar. Ýaňlanýar-da, şol joşgun kämil keşplerde öz beýanyny tapyp, tomaşaçynyň kalbyny heýjana getirýär. Biz muňa Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň “Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy” atly bölüminde getirilýän waka esasynda sahnalaşdyrylan “Alpnama” spektaklyna tomaşa edenimizde hem şaýat bolduk. Şöhratly taryhymyzyň millilige, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, urp-adatlaryna, däp-dessurlaryna ýugrulan ajaýyp ýörelgelerini, kämil sungatyny açyp görkezýän spektaklyň ahyrynda “Adamyň ýagşy işleri adamzadyň hakydasyna ýazylyp özünden soňky nesillere nusga bolmalydyr” diýen ajaýyp jümle ýaňlandy. Bu sözleriň yzysüre tomaşaçylar zalynda ýaňlanan elçarpyşmalar spektaklyň şowly çykandygynyň, gahrymanlaryň özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirendikleriniň subutnamasyna öwrüldi. 

 

Taýýarlan: Aýjemal Gaýlyýewa,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň 5-nji ýyl talyby.

 

 

European Union: Interview with Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary Diego Ruiz Alonso

 

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Ýaponiýanyň paýtagtyTokio şäherinde tomusky Olimpiýa oýunlary dowam edýär. Russiýanyň türgenleri sinhronly suwda ýüzmek ýaryşynda ýene-de altyn medal gazandylar. Umuman, häzirlikçe sportuň bu görnüşinde jübütleýin sinhronly suwda ýüzmekde Swetlana Romaşina hem-de Swetlana Kolesniçenko taý tapylanok. Olar eýýäm köp ýyllardan bäri bu ugurda birinjiligi eýeläp gelýär. Tokio Olimpiýa oýunlarynda hem bu iki rus türgeni altyn medalyň eýesi boldy.  Swetlana Romaşina sportuň bu...
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binagärlik we şähergurluşyk ulgamyny kemala getirmek hem-de berk bedenli, sagdyn ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, şeýle hem çagalaryň dynç alyş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň häkimligine S.A.Nyýazow adyndaky etrapda çagalar üçin döwrebap dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri...
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň barşynda Prezidentler syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-täjik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda iki döwletiň gyzyklanmalaryny tassykladylar. Döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşigi giňeltmek nukdaýnazaryndan, Emomali Rahmonyň bu saparynyň öz wagtyndalygyny we ähmiýetini bellediler. Prezidentler sebit we halkara gün tertibiniň...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Hormatly her günki täleýnama...
Türkmenistan bilen Täjigistanyň Prezidentiniň arasynda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleriniň jemleri boýunça köp sanly ylalaşyga gol çekildi. Täjigistanyň resmi habarlar gullugynyň habaryna görä, iki ýurduň döwlet Baştutanlary bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Soňra iki ýurduň hökümet wekiliýetiniň arasynda 19 resminama gol çekildi: Täjigistan Respublikasynyň Ykdysady ösüş we söwda ministrligi bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama; 2021-2023-nji ýyllar...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
859FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar