TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Almanyň peýdasy

Ýakymly ysy we tagamy bilen tapawutlanýan alma hem witaminlere we minerallara baý, iň ýokumly miweleriň biri hasaplanýar. Almanyň düzüminde organiki turşulyklar, şeker, glýukoza, fruktoza, efir ýaglary, A, K, C, E, B6 witamini, kletçatka, pektin maddalary, mineral duzlar (demir, marganes, kaliý, natriý, kalsiý), fitonsidler we beýleki maddalar saklanýar.

Almanyň saglyga peýdasy barada geçirilen barlaglaryň netijesinde onuň ýürek-damar kesellerine we bedenimiziň goranmak ukybynyň güýçlenmegine täsiriniň uludygy anyklanyldy.  Beýni we nerw ulgamynyň näsazlygy bilen ýüze çykýan huşsuzlyk, gürlemek kynçylygy, hereketiň agyrlaşmagy ýaly ýagdaýlaryň öňüni almakda hem alma peýdalydyr.

Alma iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar. Gandaky şekeriň mukdarynyň deňagramly bolmagy, süňklerimiziň berkligi üçin günde bir alma iýmek maslahat berilýär.

Almanyň iýmit siňdiriş ulgamyna edýän oňyn täsirini ýene-de bir alym öz ylmy-işinde görkezipdir.  Amerikaly saglyk hünärmeni Kortni D’Anželo goşmaça agramdan dynmaga kömek etjek miwe barada maglumat berdi. Onuň bellemegine görä, horlanmaga kömek etjek iň oňat miweleriň biri alma. Bu miwe gan basyşyny kadalaşdyrýar, holesteriniň derejesini peseldýär we aşgazan-içege ýagdaýyny gowulaşdyrýar.

Alma pektin süýümlerine baýdyr we şonuň üçin adamda dokluk duýgusyny döredýär we zatlaryň alyş-çalşygyny haýalladýar, diýip, lukman belleýär. Kaloriýa mukdarynyň az bolmagy hem-de ýokumlylygy ony horlanmak üçin iň oňat miweleriň biri hataryna goşýar.

Hytaý lukmançylygynyň taryhynda alma beden gyzgynlygyny düşüriji hökmünde giňden ulanylypdyr. Bu miwäniň düzümindäki käbir himiki birleşmäň ynsan bedenindäki içegeleriň işjeňligini artdyrýandygy we onuň düzümindäki zyýanly bakteriýalary ýok edýändigi mälim edildi.

Sülgün Garajaýewa, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

 

Bilimli ýaşlar geljegimizdir

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle