PEÝDALY MASLAHAT

Almaly tort

Gerekli önümler:

3 sany ýumurtga

1,5 bulgur şeker tozy

3 bulgur ýag

1 çaý çemçesi darçyn

1 sany wanilin

1 sany gabartma tozy

2 bulgur un

3 sany alma

Pudra şekeri

Taýýarlanylyşy:

Ilki bilen, şeker we ýumurtgany agaryp başlaýança garyşdyrýarys. Ýag goşulýar we garylýar, un, wanilin, gabartma tozuny we darçyn bilelikde süzülýär we tort garyndysyna goşulýar. Tort ýuwaş-ýuwaşdan garylýar. Alma gabyklary aýrylýar we kublara bölünýär. Tordumyzyň garyndysyna goşýarys. Soňra bolsa, ýaglanan taba guýup, 180 gradus derejede 40 minutlap bişirmeli. Bişip bişmedigini barlap peçden çykaryp, sowatmaga goýalyň. Sowan wagty kökämiziň üstüne pudra şekerini eläp, hödür etmäge taýynlaýarys. Işdäňiz açyk bolsun!

Fahriýa Aliýewa: sungata bagyşlanan ömür

Related posts

Familiýany, ady we atasynyň adyny üýtgetmegiň tertibi

Täze ýyl gijesi: awtobuslar 02:00, taksiler gije-gündiz hereket eder

Fizika Dersinden Geçiriljek Synagyň Soragnamalary