TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýny geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 5-nji oýny geçirildi. Bäsleşigiň bu gezekdäki oýny «Horezmşalar döwletiniň daşary syýasaty we diplomatik däpleri» atly tema bagyşlanyldy.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 5-nji oýnuna Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçylary Bezirgen Ataýew, Annamuhammet Ataýew, şol mekdebiň 10-njy  synp okuwçysy Meýlis Aşyrow, Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen  umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Arazjemal Öwezowa, Akhumaý Çaryýewa, Kadyrmyrat Öwezgylyjow we şol mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Jahan Ýaýlymowa hem-de Aşgabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Allanur Hudaýnazarow gatnaşdylar.

Bäsleşige «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurberdi Amanmyradow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty Kakajan Janbekow şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Ata Nuryýew dagylar adalatly eminlik etdiler. Bäsleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň ussat artistleriniň Horezmşalar döwletine degişli taryhy pursatlary sahnalaşdyrmaklary oýnuň tasirliligini has-da artdyrdy.

Bäsleşigiň ahyrynda emin agzalaryň gelen netijesine görä Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen  umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Arazjemal Öwezowa hem-de Kadyrmyrat Öwezgylyjow ýeňijiler diýip yglan edildi. Bäsleşikde ýeňiji bolan şeýle-de oňa gatnaşan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan degişli şahadatnamalar we hemaýatkärler tarapyndan gymmatbahaly sowgatlar  gowşuryldy.

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 5-nji oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan » hususy kärhanasy hem-de «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler.

 

                                                                                                   Aýlar Atajykowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

11-nji mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Ýaşlar – eziz Watanymyzyň geljeginiň gurujylarydyr

Teswirle