Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýny geçirildi. Oýnuň baş mowzugy «Gahryman Arkadagymyzyň beýik taglymaty: «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly tema boldy.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýnuna ýarym final oýunlarynda öňe saýlanan, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ýagşymyrat Öwezow, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Nurana Hudaýberdiýewa, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Kadyrmyrat Öwezgylyjow, Hojamyrat Baýlyýew, Kakageldi Akmyradow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk-mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Yhlas Hallyýew, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şasenem Meýlisowa we Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçy Intizar Tagannyýazowa dagy gatnaşdylar.

Final oýna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Gahrymany, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, TYA-nyň  Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory, Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň «Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty» ugry boýunça sylagyň eýesi Ýazgylyç Orazgylyjow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň baş režissýory Bilbil Mämmedow dagy adalatly eminlik etdiler.

Baş baýraga we Göçme kuboga Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ýagşymyrat Öwezow; 1-nji ýere Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk-mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Yhlas Hallyýew; 2-nji ýere Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şasenem Meýlisowa, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Hojamyrat Baýlyýew;  3-nji ýere  Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçy Intizar Tagannyýazowa,  Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Nurana Hudaýberdiýewa, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Kadyrmyrat Öwezgylyjow, Kakageldi Akmyradow dagy mynasyp boldular.

Final oýny tamamlanandan soňra institutymyzda ýeňijileri sylaglamak mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de beýleki hemaýatkärleriň taýýarlan gymmatbahaly sowgatlary, institutymyzyň degişli şahadatnamalary, Hormat hatlary hem-de medallary bilen sylaglandylar. Baş baýraga mynasyp bolan ýaş çapara bäsleşigiň Göçme kubogy gowşuryldy.

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan» hususy kärhanasy, «Aýbölek» hususy kärhanasy, «Arzyly ada» hususy kärhanasy, «Akmenzili» hojalyk jemgyýeti, «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti hem-de dürli pudaklarda zähmet çekýän işgärler üçin ýörite iş egin-eşiklerini hödürleýän «Saraýan» hojalyk jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler.

Aýlar Atajykowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.