TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Akmät halypanyň medresesi

Şöhratly taryhymyzyň maddy gymmatlyklary bolan gadymy ýadygärliklerdir galalar mydama üns merkezinde saklanýar. Şeýle ýadygärlikler we galalar Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda-da näçe diýseň bar. Taryhy subutnamalara görä, dürli döwürlere we eýýamlara degişli bolan Astanababa, Alamberdar kümmetlerini, Omar galany, Akmät halypanyň medresesini, Mürzebeg galany, Daşsaraý köşgüni, Annaguly depäni, Gorgan galany, Sakar galany we beýlekileri muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu barada Kerki etrabynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Gurban Tairowyň “Türkmenistan” gazetindäki makalasynda bellenilip geçilýär.

Garagum sährasynyň eteginde ýerleşýän, ýerli halk tarapyndan «Akmät halypanyň medresesi», «Akmuhammet işanyň medresesi» we «Kyrk gümmez» ýaly atlar bilen tanalýan bu özboluşly ymaratlar toplumy Gündogaryň ХIХ asyr binagärliginiň seýrek nusgalary hasaplanýar. «Kyrk gümmez» ady onuň ululy-kiçili binalarynyň sanynyň kyrka golaý bolmagy bilen baglanyşdyrylýar. Özüniň gurluşy boýunça esasy we kiçi gümmezlerden, şonuň ýaly-da, takmynan, 27 sany hüjreden, myhmanhanadan, birgiden töwerekleýin gurlan ymaratlar toplumyndan ybarat bolan bu medresäniň öz döwründe ençeme alym-arheologlaryň ünsüni çekendigini aýtmak gerek. Medresäniň binýady bişen kerpiçden bolup, diwarlary, hatda gümmezleri hem çig kerpiçden ýa-da toýundan örülen. Onuň ýeri saýlanyp alnanda, «Akmät halypanyň özi zeý çykmaz ýaly, çägesow hem oba ilatyna golaý ýeri saýlap alypdyr» diýýärler.

Öz döwrüniň sylanýan, hormatlanýan adamy bolan Akmät halypa bu medresäniň hemmelere elýeterli bolmagyny, diňe bir Astanababa obasynyň ilatynyň däl, eýsem, aýak ýeterdäki ähli adamlaryň bu ýerde okap, bilim alyp bilmeklerini isläpdir. Edil onuň göwnündäki ýaly, öz wagtynda bu ýere Çekir, Daşlyk, Gyzylaýak, Hatap, Çohpetde, Halaç, Hojambaz, Köýtendag ýaly ýerlerden, hatda Buharadan hem talyplar gelip, bilim alypdyrlar. Munuň özi ХIХ asyr türkmen magaryfçysy Akmät halypa Kabyl sopy oglunyň aň-bilim ýaýratmakda we ýaşlara terbiýe bermekde uly hyzmatlary bitirendigine güwä geçýär. Bu ýerde ilkinji sowadyny çykyp, öz döwründe obanyň uludan-kiçisiniň sylag-hormatyna mynasyp bolan ildeşimiz Rozy mollanyň gürrüňine görä, Akmät halypanyň kakasy Kabyl sopy hem şu medresede bilim beripdir. Bir wagtyň özünde ýüzden gowrak talyba bilim berip bilen medresäniň ýene-de bir aýratynlygy, onda bilim alýan gyzlara-da edil oglanlar ýaly, deň göz bilen garalanlygydyr. Akmät halypanyň Bibirabyýa, Bibiaryfa, Ogulmerýem atly gyzlary-da şu medresede okap bilim alsa, ogullary Abdynagymdyr Abdykerim Buhara medresesini tamamlapdyr.

Diýarymyz öz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, Kerki etrabynda-da taryhy-medeni goraghana döredilip, bu topraga degişli ýadygärlikler döwlet gözegçiligine alyndy. Munuň özi diňe bir halkymyzyňşöhratly geçmişini öwrenmäge däl, eýsem, bar bolan taryhy ýadygärlikleri gorap saklamaga, olarda dikeldiş, abatlaýyş işlerini geçirip, geljekki nesillerimize ýetirmäge uly mümkinçilikleri açdy. Şonuňbilen birlikde, gojaman Jeýhunyň çep kenaryndaky ilkinji ylym ojaklarynyňbiri bolan Akmät halypanyň medresesinde hem abatlaýyş işleri geçirildi.

 

 

Bütindünýä sergisi tamamlandy

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy we Russiýanyň döwlet sirkiniň Aşgabatdaky çykyşy

Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini ÝUNESKO-nyň sanawynda

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Teswirle