SIZDEN GELENLER

Ak şäherim – Aşgabat

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän 2021-nji ýyl uly üstünliklere toý baýramlara beslenip gelýär. Bu ýyl ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny hem-de Watanymyzyň mermerli paýtagty Aşgabadyň 140 ýyllygyny giňden baýram etmäge taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik zehininiň miwesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň özboluşly nyşanyna öwrülen baky juwan, kalplary gözelligi we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýan bu şäher Türkmenistanyň iň täze taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Paýtagtymyz – berkarar döwletimiziň kemala gelşiniň esasy tapgyrlaryny, rowaýatlara dolan geçmişini we şöhratly şu gününi beýan edýär.

Aşgabat köp wakalary başyndan geçiren gadymy şäherdir. Köpsanly pidalara hem-de weýrançylyklara getiren 1948-nji ýylyň ýertitremesinden soňra şäherimiz düýbünden täzeden dikeldildi. Soňky ýyllarda bolsa Aziýanyň merjeni Aşgabadyň ösdürilmegine ägirt uly üns berilýär, munuň üçin uly möçberli maýa goýumlary gökükdirilýär, şäherimiziň çäkleri has-da giňeldilýär. Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek, onuň çäklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we dürli desgalary gurmak hem-de binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän uzak geljege gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu maksatnamanyň esasynda “Aşgabat siti” binägärlik taslamasynyň, paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda “Altyn kölüň” kenarynda ýerleşjek döwrebap kottežler toplumynyň taslamalary aýratyn orun eýeleýär.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, eziz Diýarymyzyň baş şäherinde şähergurluşyk – binägärlik maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Bu bolsa ak mermerli Aşgabadyň birnäçe binalarynyň, şol sanda paýtagtymyzyň özüniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegine ýardam etdi.

Gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllygy giňden bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inmegi ýatdan çykmajak baýramçylyk sowgatlarynyň biri boldy. Baharyň nurana günlerinde at taýyň dogulmagy ýurdumyzyň durmuşynda möhüm şanly seneleriň ajaýyp pursatlar bilen utgaşýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz täze dünýä inen taýçanaga Akhanyň adynyň baş harpyndan ugur alyp we ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň şanyna Aşgabat diýip at goýdy.

Mähriban Arkadagymyz häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlap, ylmy maglumatlara we ygtybarly çeşmelere  esaslanyp “Aşgabat” kitabynyň soňky babyny ýazýar. Gözel paýtagtymyzyň taryhyna hem-de häzirki döwürde ýeten derejesine, berkarar bolmagyna bagyşlanan bu kitap şäherde  asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriniň ösdürilýändigi, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna hem-de halkymyzyň asylly däp-dessurlaryna aýratyn ähmiýet berilýändigini bilen bagly maglumatlary bir ýere jemleýär.

Goý, häzirki döwürde işjeň syýasy, işewür, medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň jemlenen ýeri bolan Aşgabat şäheriniň  gülläp ösmegi üçin taýsyz tagallary edýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun. Il bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Hatyja Döwletnazarowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby

 

Metbugat konfrensiýasy geçirildi

 

 

Ýene-de okaň

Ähli zadyň sakasy saglyk

Gahryman Arkadagymyzyň pähiminden dörän seýilgäh

Goşa mukaddesligiň baýramy

«Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisi geçirilýär

Taryhda yz goýjak “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr