TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ajyhurş – peýdaly ösümlik

Özüniň dermanlyk ähmiýeti, sary güli we ýakymly ysy bilen bütin dünýäde giňden tanalýan ösümlikleriň biri ajyhurş ösümligidir. Hünärmenler aşhanada naharlar taýýarlanylanda ajyhurşy ulanmaklygy maslahat berýärler. Munuň sebäbi bolsa, bu ösümligiň adam bedenine peýdaly taraplarynyň örän köplügi bilen düşündirilýär.

Her ýylyň 6-njy awgustynda “Bütindünýä ajyhurş (gorçisa) güni” giňden bellenip geçilýär. Bu senäniň ýörite baýramçylyk hökmünde bellenilip geçilmegi ajyhurşuň adam bedenine ýetirýän peýdaly taraplarynyň has-da ýokarydygyny aňladýar.

Taryhy maglumatlara görä, ajyhurş ösümligi ýer ýüzündäki iň bir gadymy ösümlikleriň biri hasaplanylýar.

Ajyhurş kelemler maşgalasyna degişli bolup durýar. Onuň dänesiniň diametri 1 mm-den geçmeýär. Ajyhurşuň düzüminde aşakdaky elementler bar diýlip hasaplanylýar:

  • Doýmadyk ýag kislotalary;
  • Efir ýagy;
  • Beloklar;
  • Uglewodlar;
  • Kaliý;
  • Fosfor;
  • Demir;
  • Kalsiý;
  • Magniý;
  • Natriý;
  • A, D, E witamini we B topary.

Ajyhurşuň düzüminde ýokumly maddalaryň örän köp bolmagy, onuň adam saglygynda ýetirýän peýdaly täsiriniň örän uludygyny görkezýär.

Ajyhurşuň peýdaly taraplary:

  • Metabolizmi çaltlaşdyrýar;
  • Immunitet ulgamyny güýçlendirýär;
  • Ýürek-damar ulgamynyň işleýşini gowulandyrýar;
  • Gan basyşyny kadalaşdyrýar;
  • Semizlik bilen göreşmeklige ýardam berýär.

Annamuhammet Hojawow,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

 

Milli synçylar saýlaw möwsümine syn edýärler

Ýene-de okaň

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Ýaşlar – eziz Watanymyzyň geljeginiň gurujylarydyr

Teswirle