TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ajaýyp eser özboluşly sowgat

“Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylda Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitaby Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar hem-de ömrüni ata Watanymyza we mähriban halkymyza gulluk etmäge bagyşlan milli Liderimiziň durmuş ýolunyň esasy tapgyrlary baradaky maglumatlary özünde jemleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän bu kitapda esasy ahlak kadalary we ýörelgeler beýan edilýär. Olara häzirki döwürde-de möhüm ähmiýet berilmegi pederlerimiziň däpleriniň, ahlak kadalarynyň dowamat-dowam bolýandygynyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz täze filosofik eserinde toplan bilimini we baý tejribesini seljerip, olary umumylaşdyrmak bilen, ruhy kämillik, ýaradylyşyň kanuny, her bir adamy belende göterýän oňat gylyk-häsiýetler we ýagşy niýet meselelerine aýratyn üns berýär.

Kitap “Ýaşaýyş medeniýeti”, “Ynanç hakynda söz”, “Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge”, “Gadymyýete nazar”, “Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat”, “Milletiň ruhy-ahlak mekdebi” atly bölümlerden ybaratdyr. Eserde halk döredijiliginiň, geçmişiň görnükli şahsyýetleriniň we filosoflarynyň pähimli sözleriniň ulanylmagy hem-de edebi taýdan ussatlyk bilen beýan edilmegi müňýyllyklaryň dowamynda dünýäniň halklary bilen dostluk köprüsini gurup gelýän türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsine düşünmäge gollanma bolup hyzmat etjek bu kitabyň gymmatlygyny we ähmiýetini has-da artdyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň bütin halkymyz üçin gymmatly sowgada öwrüldi.

Täze kitabyň «Ömrümiň manysy» diýlip atlandyrylmagynyň aýratyn ähmiýeti, uly manysy bar, çünki Gahryman Arkadagymyz manyly durmuş ýolunda ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen jemgyýetine sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraýyny has-da beýgeltmek, halkymyzyň baý milli mirasyny dünýä ýaýmak babatda ägirt uly işleri alyp bardy. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň ençeme taryhy, medeni we tebigy ýadygärlikleri Bütindünýä mirasynyň genji-hazynasyna girizildi.

Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez pähim-paýhasyny, baý durmuş tejribesini, giň dünýägaraýşyny özünde jemleýän bu kitap çuňňur filosofik many-mazmunly, taryhy, medeni we geografik ensiklopediýadyr. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ýeten belent derejeleri, ýurdumyzyň iňňän gadymy taryhy, ony öz beýik işleri bilen şöhratlandyran şahsyýetler, halkymyzyň ýaşaýyş medeniýeti, jemgyýetiň ahlak hem durmuş ýörelgeleri barada söhbet edilýär.

Sapargeldi Amanmuhammedow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/salycylygyn-ahmiyeti/

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle