TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ählumumy maglumat elýeterliligi güni

Her ýylyň 28-nji sentýabry Ählumumy maglumat elýeterliligi güni hökmünde bellenilip geçilýär. Maglumatlaryň elýeterliligine göz ýetirilip, şeýle hem bu günüň dünýäniň käbir döwlet edaralary tarapyndan tassyklanandygyny göz öňünde tutup, 2019-nji ýylyň 28-nji senýtabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Ählumumy maglumat elýeterliligi güni” diýlip halkara güni ylgan edildi.

Maglumat bir güýçdür. Maglumatyň ählumumy elýeterliligi, her kimiň maglumat gözlemäge, almaga we bermäge hukugynyň bardygyny aňladýar. Elbetde maglumatlar jemgyýete dürli ýollar arkaly ýetirilip bilner. Bu babatda köpçülikleýin habar beriş derişdeleriniň orny örän uludyr. Gazetlerde, žurnallarda, teleýaýlymlarda we radioda berilýän maglumatlar anyk delillere esaslanýar.

Häzirki wagtda internet torunyň üsti bilen islendik ulanyjy özüne gerek bolan maglumaty arkaýyn alyp bilýär. Internetiň ösen döwründe gerekli maglumaty almak üçin müňlerçe inetrnet saýtlary hereket edýär.

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

 

 

Baýramçylyk çapyşygy: ýeňijilere pul sowgatlary gowşuryldy

Ýene-de okaň

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Teswirle