SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ähli koronawirus çäklendirmeler ýatyryldy

Dünýäniň köp sanly ýurdunda emele gelen epidemiologik ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, koronawirus bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeler aradan aýrylýar. Şeýle ýurtlaryň hatarynda Türkiýe Respublikasy, Bosniýa we Gersogowina, Sloweniýa we Serbiýa hem bar.

Türkiýede ýurda gelýän daşary ýurtly ýolagçylardan talap edilýän koronawirus bilen baglanyşykly ähli çäklendirmeler, öňüni alyş çäreleri ýatyryldy. Pandemiýa bilen baglanyşykly ýagdaýlar seljerilip, Tükriýäniň hökümeti 1-nji iýundan başlap, ýurda girilýän ähli göýberiliş-gözegçilik nokatlaryndaky talaplary üýtgetdiler.

Girişde talap edilýän COVID-19 barlagynyň resminamasyna ýa-da çaltlandyrylan test barlag netijenamalaryna zerurlyk ýok. 

ÖRTÜK DAKYNMAK ZERURLYGY ÝOK

Şeýle hem syýahatçylyk möwsüminiň başlanmagy bilen Bosniýa we Gersogowina girişde ýolagçylaryň PCR testiniň barlagynyň we waksina urlandygy hakyndaky lukmançylyk hatynyň bolmagy, ýurduň çäginde agyz-burun örtügini dakmaklyk ýaly çäklendirmeler doly ýatyryldy. Bu baradaky karar Ministrler Kabinetiniň geçiren mejlisinde kabul edildi.

Sloweniýada-da hökümet ýurtda dowam edýän çäklendirmeleri ýatyrýandygy barada habar berdi.

Serbiýada bolsa, ýurduň hökümetiniň alan kararyna laýyklykda, ýurtda agyz-burun örtügini dakynmaklyk ilatyň öz islegine goýuldy.

 

THY: Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw

 

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy

ABŞ wizasynda täzelik : Bond howa menzilleriň sany artdy

Türkmenistandaky resmi syýahatçylyk kärhanalarynyň sanawy

Özbegistan ABŞ bilen wiza düzgünini ýönekeýleşdirmek boýunça gepleşikleri alyp barýar

Türkiýe : Syýahatçylyk wizasy üçin zerur resminamalar