TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşiginiň saýlama tapgyry

Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň arasynda halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. 2009-njy ýyldan bäri geçirilmegi däbe öwrülen bu bäsleşigiň birinji tapgyryna gamyşgulak bedewleriň 50-si gatnaşdy. Şolaryň içinden owadanlygy bilen saýlanan atlaryň 20-sini ikinji tapgyra gatnaşdyrmaga hukuk berildi.

Halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyryna gatnaşan atlar Gelşikliniň, Gyrsakaryň, Gaplaňyň, Pereňiň, Skagyň, Meleguşuň, Eýeberdi Telekäniň ugrundan bolan bedewlerdir. Ýene bir özüne çeken zat, ol hem Gelşikli bilen Gyrsakaryň ugruna degişli bolan atlaryň agdyklyk etmegidir.

Bu tapgyrda atlar iki gezek gözellik meýdançasyna çykdylar. Olar ilkinji gezekde asyl durkunda meýdança çykyp, öz tebigy owadanlyklaryny görkezdiler. Ikinji gezekde bolsa owadan haşamlanan at esbaplaryna hem-de ýörite niýetlenen milli şaý-seplere beslenip, gözellik meýdançasyna geldiler.

Gözelligiň nusgasy bolan ahalteke atlarynyň her biri meýdança gelende, göwünlerde özboluşly ýakym döredip, kalplary joşdurdy. Dabarasy dünýä dolan ahalteke atlarynyň şol günki bäsleşigine eminlik edenleriň arasynda belli atşynaslar hem boldular.

Gözden geçiren eminler topary bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, olaryň 10-syny saýlady. Olar bu bäsleşigiň jemleýji — üçünji tapgyryna gatnaşar. Üçünji tapgyr hem çekeleşikli geçse gerek.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýunyň dabaraly bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada haýsy bedewiň mynasyp boljakdygy janköýerleriň ählisi üçin hem gyzykly. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry ýakyn günlerde — baýramçylygyň öňüsyrasynda geçiriler.

 

Çempionlar ligasynyň senasy nirуden gelip çykdy?

 

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle