DÜNÝÄ

Ahalteke atlary, alabaý itleri, keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawyna giriziler

Şu gün hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagyna iş maslahatyny geçirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, iş maslahatynda dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli güwanama ýurdumyza gelip gowuşýandygy habar berildi.

Bu buşlukly habar mynasybetli türkmen halkyny gutlan milli Liderimiz ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň güwänamasynyň gelip gowuşmagy mynasybetli käbir ýolbaşçylara degişli tabşyryklayr berdi.

Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Meredow şu tabşyryklar berildi:

  • dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty atly milli hödürnamamyzyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi bilen bagly halkara giňişliginde alnyp baryljak işleriň meýilnamasyny taýýarlamaly:
  • ÝUNESKO bilen işi ulgamlaýyn esasda ýagny, Türkmenistan bilen bu guramanyň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketleriň meýilnamasy esasynda alyp barmaly:
  • Ahalteke atlaryny seýislemek sungaty, türkmen alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlykaryny hem-de türkmen keşdeçilik sungatyny ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etmeli:
  • ýurdumyzda halkara kadalaşdyryjy hukuk binýadyny giňeltmek maksady bilen ÝUNESKO-nyň tarapyndan dolandyrylýan halkara hukuk namalaryna Türkmenistanyň goşulmagy bilen bagly soraglary öwrenmeli.

 

Türkmenistanyň uniwersiteti Lukmançylyk mekdepleriniň dünýä katalogyna girizildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Şanhaýda geçirilen emeli aň boýunça maslahatda çykyş etdi

Tramp Messiniň, Ronaldonyň we Keýniň oýnuna ýokary baha berdi

Eýranyň Beýik Ruhy Lideri hatyralandy

Türkmenbaşy bilen Batumi şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýlar

Endi Bernem – Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri

Türkmenistan «ÝB-Merkezi Aziýa» ýokary derejeli dialogyň 13-nji mejlisine gatnaşdy