TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

«Ahal» topary AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder

Geçen möwsüm ýurdumyzyň futbol çempionatyny ikinji orunda tamamlan «Ahal» topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş eder. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Çempionlar ligasynyň bije çekişlik dabarasy 17-nji ýanwarda onlaýn-görnüşinde Kuala-Lumpur şäherinde geçiriler.

Ýurdumyzyň wise-çempiony bije çekişlige üçünji sebetden goşular. Bije çekilişige jemi dört sebediň wekilleri gatnaşar.

AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşýan toparlaryň ýerleşýän sebetleri:

Günbatar sebit
1-nji sebet: «Al-Sadd» (Katar), «Al-Hilal» (Saud Arabystany), «Fulad Huzestan» (Eýran), «Al-Jazira» (BAE), «Al-Duhaýl» (Katar).
2-nji sebet: «Al-Faýsali» (Saud Arabystany), «Sepahan» (Eýran), «Şabab Al-Ahli Dubaý» (BAE), «Al-Raýan» (Katar), «Al-Şabab» (Saud Arabystany).
3-nji sebet: «Pahtakor» (Özbegistan), «Al-Wehdat» (Iordaniýa), «Mumbai Siti» (Hindistan), «Istiklol» (Täjigistan), «Ahal» (Türkmenistan).
4-nji sebet: «Eýr Fors» (Yrak), «Al-Taawun» (Saud Arabystany) – «Al-Jaiş» (Siriýa) jübütiniň ýeňijisi, «Baniýas» (BAE) – «Nasaf» (Özbegistan) jübütiniň ýeňijisi, «Şarja» (BAE) – «Al-Zawraa» (Yrak).

Gündogar sebiti
1-nji sebet: Hytaýyň çempionatynyň ýeňijisi, «Kawasaki Frontale» (Ýaponiýa), «Çonbuk Hýonde Motors» (Koreýa Respublikasy), «Bi Ji Pathum Ýunaýted» (Taýland), Hytaýyň çempionatynyň wise-çempiony.
2-nji sebet: «Urawa Red Daýmonds» (Ýaponiýa), «Çonnam Dregons» (Koreýa Respublikasy), «Çiangraý Ýunaýted» (Taýland), Hytaýyň çempionatynda üçünji orny eýelän topar, «Iokagama F. Marinos» (Ýaponiýa).
3-nji sebet: «Ýunaýted Siti» (Filippinler), «Kitçi» (Gonkong), «Hoagan Zýalaý» (Wýetnam), «Johor Darul Tazim» (Malaýziýa), «Lion Siti Seýlors» (Singapur).
4-nji sebet: «Melburn Siti» (Awstraliýa), Hytaýyň çempionatynda dördünji orny eýelän topar – Awstraliýanyň çempionatynda üçünji orny eýelän topar /«Kaýa Iloilo» (Filippinler) jübütiniň ýeňijisi, «Wissel Kobe» (Ýaponiýa) – Awstraliýanyň çempionatynda ikinji orny eýelän topar /«Şan Ýunaýted» (Mýanma) jübütiniň ýeňijisi, «Ulsan Hýonde» (Koreýa Respublikasy) – «Port» (Taýland) jübütiniň ýeňijisi, «Tegu» (Koreýa Respublikasy) – «Buriram Ýunaýted» (Taýland) jübütiniň ýeňijisi.

 

106 müň gektara ýeralma we gök-bakja ekinleri ekiler

Ýene-de okaň

Mançester derbisi: Holandyň we Fodeniň taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Teswirle