SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Agyz-burun örtüklerini dakynmak maslahat berilýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzyň raýatlaryny howada tozan bölejikleriniň kadadan artmagy bilen baglanyşykly agyz-burun örtüklerini dakynmagy maslahat berýär. Bu barada “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti arkaly müşderilere iberilen sms-habarnamasynda bellenilip geçilýär.

Bu sms-habarnamasynda hususan-da şeýle diýilýär:

– Eziz watandaşlar! Häzirki wagtda howada tozan bölejikleriniň kadadan artmagy bilen baglanyşykly agyz-burun örtüklerini ulanmaklygy, 2 metr araçägi berjaý etmegi, elleri arassa saklamagy, şeýle hem güýz paslynda günüň dowamynda howanyň üýtgeýändigini nazara alyp, paslyň aýratynlyklara laýyklykda geýinmegi maslahat berýäris. TSG we DSM.

 

Awaza etrabyna täze häkim bellendi

 

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: halkara howa gatnawlaryň tertibini täzeleýär

Özbegistanyň 14 farmasewtika kärhanasy Türkmenistanda öz önümlerini görkezdi

Üstünlikler, tejribeler, hyzmatdaşlyk…

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi tanyşdyryldy

Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy

Aşgabatda täze, döwrebap saglyk öýi açyldy