TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Adama görä parfýumyň ysy nähili üýtgeýär?

Alada etmäň, burnuňyz siz bilen hile oýnamaýar. Gormonlar we iýmitleniş sebäpli her bir adamyň derisinde özboluşly ys bar (Sarymsak ýaly güýçli ysly iýmitler gözenekler tarapyndan sorulýar). Parfýumeriýa hünärmeni Oliwiýa Janan: “Parfýumeriýa ulananyňyzda, onuň ysy deriňiz bilen garyşyp, täze ys döredýär” -diýdi. Şol sebäpli iň gowy dostuňyzyň parfýumyny halap derrew pürkmegiňizden ozal özüňizde barlamagy ýatdan çykarmaň.

Eau de parfume” we “eau de toilette” ýaly parfýumlaryň görnüşleri bar. Bular nämäni aňladýar?

Parfýum fransuz dilindäki ‘perfume’ sözünden gelýär. Iň arassa we iň gymmat görnüş. Mundan başga-da, garyndynyň 20 ýa-da 30 göterimini esasy ýag we parfýum düzümi gatnaşygy düzýär. Şonuň üçin güýçli täsir edýär we has uzak wagt ysy dowam edýär.

“Eau de parfume” “Onda konsentrasiýa 16-18 göterim aralygyndadyr” -diýip, Oliwiýa Jan aýdýar. Parfýumeriýa ýaly uzak ömür sürse-de, arzandygyny hem belleýär.

“Eau de toilette” adatça spreý hökmünde satylýar we konsentrasiýa derejesi 15 ýa-da 12 göterime çenli azalýar. Mundan başga-da, has ýakymly ysy barlygy sebäpli, ony beýleki görnüşlere garanyňda has erkin ulanmaga mümkinçiligiňiz bar.

“Cologne” 6-dan 8 göterime çenli konsentrasiýa gatnaşygy bolan atyr görnüşleriniň arasynda iň ýeňili. Jan Moran: “Güýçli täsir etmeginden gorkman, ony başdan aýagyňyza çenli aňsatlyk bilen ulanyp bilersiňiz” we hemişelikligi gaty az bolany üçin ony günüň dowamynda ýygy-ýygydan ulanmalydygyňyzy belleýär.

Halaýan zatlaryňyzyň yslaryna üns beriň. “Gülleriň ysyny halaýan bolsaňyz, gül atyrlaryny alyň. Täze böwürsleni halaýan bolsaňyz, miweli garyndylara ünsi jemlemeli we güýçli tebigy hoşboý yslary halaýan bolsaňyz, kofe ýaly ýakymly yslara üns bermeli “-diýip, Oliwiýa maslahat berýär. Şeýle hem, saýlan wagtyňyz gapdalda siziň üçin saýlan möwsümiň iň täze parfýumlaryna göz aýlap bilersiňiz. Ilki bilen parfýumy özüňizde däl-de, synag kartonlarynda synap görüň. “Şeýle hem, bir gezekde altydan gowrak parfýum synap görmäň. Ýogsam, burnuňyz yslary tapawutlandyrmagy bes edip biler. Parfýumy ilkinji gezek synap görýän bolsaňyz, ony satyn almaga howlukmaň. “Parfýumeriýanyň esasy ysy üç basgançakda ýüze çykýandygy sebäpli, sepeniňizde ys alýan ýokarky bellik on minutdan soň täsirini ýitirýär. Şonuň üçin parfýumy belli bir aralykda barlamaly. 60 sekunt, bäş minut we berkidilenden bir sagat soň synap görüň. Her etapda parfýumyň ysyny halaýan bolsaňyz, iki gezek pikirlenmän satyn alyp bilersiňiz.

Kandidatlyk:Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy we Russiýanyň döwlet sirkiniň Aşgabatdaky çykyşy

Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini ÝUNESKO-nyň sanawynda

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Teswirle