TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Adam hukuklarynyñ halkara güni

Bütindünýä ýüzüniň gaýtalanmajak gymmatlygy bu adam we wagtdyr. Şeýlelikde,  geljegi nazarlaýan oňyn başlangyçlary öňe sürýän hormatly Prezidentimiz ýurt başyna geçen ilkinji gününden başlap “Döwlet – adam üçindir!” diýen şygary baş maksat edinip, döwlet syýasatynyň ähli ugurlarynda alnyp barylýan özgertmeleri halkyň bähbidine gönükdirdi.

1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Pariž şäheriniň Şaýo köşgünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasy kabul edildi. Bu halkara resminamanyň işlenip taýýarlanmagyna 50-den gowrak döwletlerden we dürli kontinentlere, medeniýetlere, dinlere, ideologiýalara, milletlere wekilçilik eden 80-den gowrak adam gatnaşypdyr. Bu Jarnamanyň kabul edilmegi bilen dünýä ýüzüniň ähli adamlary mertebe we hukuk babatda azat we deň diýlip ykrar edilendir. Resminamada Jarnamanyň kadalarynyň berjaý edilmegini ähli halklaryň we ähli döwletleriň ünsünde bolmaly wezipe hem-de ülňi hökmünde yglan edilendir. Adamyň we jemgyýetiň her bir agzasynyň jarnamany hemişe göz öňünde tutmak bilen, nadanlygy syndyrmak we bilimi ýaýmak arkaly şol hukuklaryň we azatlyklaryň hormatlanylmagyna ýardam etmäge çalyşmalydygyny hem-de milli we halkara öňdebaryjy çäreler arkaly olaryň ählumumy, netijeli ykrar edilmegini we amala aşyrylmagyny üpjün etmelidigi berkidilipdir.

Ählumumy Jarnama halkara hukugynyň esasy çeşmeleriniň biri bolup, häzirki zaman döwletleriň aglabasynyň Konstitusiýalarynyň we adam hukuklaryna degişli dürli kanunlaryň esas goýujy binýady bolup durýar. Resmi taýdan geçirilen halkara barlaglaryň birinde bellenilişine görä, “1948-nji ýyldan soň kabul edilen milli Konstitusiýalaryň 90-a golaýynda jarnamanyň kadalaryndan gelip çykýan esasy hukuklar we azatlyklar beýan edilipdir”. Jarnamada ýaşamaga bolan hukuk, azatlyga we şahsy eldegrilmesizlige bolan hukuk, ähli adamlaryň kanunyň öňünde deňligi, pikir, wyždan we din azatlygy ýaly raýat hukuklary, parahat ýygnaklara we birleşmelere gatnaşmak hukugy, ýurdy dolandyrmaga gönüden-göni ýa-da wekilleriň üsti bilen gatnaşmak hukugy ýaly syýasy şeýle hem köp sanly ykdysady, durmuş we medeni hukuklar berkidilipdir. Jarnamadan soň kabul edilen Raýat we syýasy hukuklar hakyndaky Konwensiýasy;  Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek jakyndaky Halkara Konwensiýa; Aýallar babatda ähli kemsitmeleri ýok etmek hakyndaky Halkara Konwensiýa;  Gynamalara we çemeleşmegiň hem-de jezalandyrmagyň beýleki rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da mertebäni kemsidýän görnüşlerine garşy Konwensiýa; Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa ýaly BMG-nyň möhüm halkara-hukuk resminamalary hem özleriniň düýp mazmuny boýunça Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasyndan gelip çykýandyrlar.

10-njy dekabr her ýylda Adam hukuklarynyň Halkara güni hökmünde bellenilýär. Şunlukda, ählumumy jarnamany parahatçylygyň, ynsanperwerligiň manifesti diýip atlandyrsak hem bolar. Adam hukuklary – dünýäde we jemgyýetde bolup geçýän möhüm hadysalaryň uniwersal ölçegidir.

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda Adam hukuklary hakyndaky ählumumy jarnama, ondan gelip çykýan esasy pudaklaýyn ylalaşyklara we konwensiýalara goşuldy. Türkmenistan Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda bellenilen esasy demokratik hukuklaryna we azatlyklaryna ygrarly bolup, olara sarpa goýup, şol kadalaryň netijeli amala aşyrylmagy üçin syýasy, ykdysady, hukuk we beýleki kepillendirmeleri döredýär. Ýurdumyz 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolandan soň, Türkmenistanyň Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynyň esasy ýörelgelerine eýerýändigini äşgär edýän milli kararnamasy hökmünde “Bitarap Türkmenistanyň adamyň hukuklary babatyndaky halkara borçnamalary hakynda” Jarnama kabul edildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan özüniň saýlap alan parahatsöýüji, ynsanperwer ýoly bilen belentliklerden-belentlige tarap ugur alýar. Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde halkymyz umumadamzat gymmatlyklaryny, adalatlylygy dabaralandyrmak, jemgyýetçilik tertibine hormat goýmak bilen eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.

 

Hatyja Döwletnazarowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.

Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan wirtual sergi

 

 

Ýene-de okaň

Ýaşlar we döwrebap bilim

Ata Watan Eserleri

Ahalteke bedewleri türkmen toýunyň bezegi

Sport we ýaşlar

Teswirle