TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

«Açyk gapylar»: Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty 2022-2023-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän, umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryny, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden we beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşadyljak harby gullukçylary (esgerler), edara-kärhanalarda işleýän ýaşlary şu ýylyň 7-nji we 14-nji maýynda sagat 15:00-da «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlara okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, institutda taýýarlanylýan hünärler, institutyňokuw binalary, barlaghanalary, kitaphanalary we institutda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işler hem-de talyplaryňýaşaýyş-durmuş şertleri barada giňişleýin maglumat berler.

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etraby, «Senagat» köçesiniň 51-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 33-52-33, 39-26-20.

«Açyk gapylar»: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Kazandaky bilim ministrleriniň halkara forumyna gatnaşdy

Ýurdumyzda çagalaryň dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna badalga berildi

Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan dabaralar

Teswirle