BILIM

Açyk gapylar: Döwlet energetika instituty

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2021 — 2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar. Bu barada “Mugallymlar gazeti” gazetinde bildiriş çap edildi.

Bu günlerde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada alyp barýan özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilen sepgitler, okuw mekdebinde taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-usulyýet, ylmy-barlag hem-de medeni-köpçülik işleri barada hem-de okamak, ýaşamak üçin döredilen şertler bilen giňişleýin tanyşdyrylar.

«Açyk gapylar» günleri 2021-nji ýylyň 24-nji aprelinde we 15-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda sagat 15.00-da başlanar.

 Institutyň salgysy: Mary şäheriniň Baýramhan köçesiniň 62-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 800522-5-75-02; 800522-5-75-17.

 

Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkezi açyldy

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi

Stanford uniwersitetiniň kitaphana katalogyna “Makul Sözlük” girizildi

Ýapon dili boýunça okuw sapagy geçirildi

Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi

Türkmen diplomaty rumyn uniwersiteti bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi