SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ABŞ syýahat çäklendirmelerini ýeňilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlary noýabr aýynyň başyndan başlap, Kanadadan we Meksikadan doly sanjym edilen syýahatçylar üçin syýahat çäklendirmelerini ýeňilleşdirmegi meýilleşdirýär.

Halkara howa gatnawy arkaly gelýän ýolagçylary üçin hem täze düzgünler tapgyrlaýyn durmuşa geçiriler. Noýabr aýynyň başynda başlajak birinji tapgyr sanjym edilýän myhmanlara, dostlaryna baryp görmek ýa-da syýahatçylyk ýaly möhüm däl sebäplere görä, ABŞ-nyň gury ýer serhetlerinden geçmäge mümkinçilik berer. Ikinji tapgryda 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň başyndan başlap, möhüm ýa-da möhüm däl sebäplere görä syýahat edýän daşary ýurtly syýahatçylara sanjym talaplaryny ulanar.

ABŞ “Covid-19” pandemiýasy başlanaly bäri Kanada we Meksika bilen serhetleri boýunça syýahaty çäklendirme girizdi we bu çäklendirmeleri her aýda uzaldýardy. ABŞ bilen şol ýurtlaryň arasynda howa gatnawy täzeden başlady.

 

Ronaldo täze rekordlara barýar

 

Ýene-de okaň

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy