TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ABŞ serhetlerini açmagy meýilleşdirýär

Ýer ýüzünde koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýagdaýlary durnuklaşan döwletleriň hataryna öz döwründe agyr keselçilige uçran Amerikanyň Birleşen Ştatlary hem girýär. Hökümet 20 aýlyk arakesmeden soňra iki sanjymyny hem kabul eden syýahatçylary döwlete goýbermäge rugsat bermäge taýýarlanýar.

Ýurtda daşary ýurtly syýahatçylar bilen bagly çäklendirmeler ozalky Prezident Donald Trampyň döwründe girizilipdi. Öňki Prezidenti ýurtda keselçiligiň gitdigiçe artmagy we ýagdaýlaryň çylşyrymlaşmagy bilen bagly çäklendirmeleri girizipdi.

Bu çäklendirmeler arasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň özi we Angliýa hem bolan 30-dan gowrak döwlete degişli maşgalalary wagtlaýyn biri-birinden uzaklaşdyrdy. Şeýle hem olar syýahatçylygyň pajarlap ösen döwletiniň ykdysady ýagdaýlaryna ýaramaz täsirlerini ýetirdi.

Häzirki wagtda dünýäniň iri awiakompaniýalary iki sanjymyny hem kabul eden, soňky barlaglardan geçen we heniz hem belli bir aralygy saklamak bilen hereket edýän syýahatçylaryň uly toplumyna hyzmat etmäge taýýarlyk görýärler.

Ýeri gelende aýtsak, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümeti koronawirus wakalarynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen 2020-nji ýylyň başynda ilki Hytaýdan gelýän syýahatçylar üçin serhetlerini ýapdy. Ýöne wagtyň geçmegi bilen syýahatçylyk bilen bagly çäklendirmeleriň gerimi has giňedi. Soňky tapgyrlarda syýahatçylaryna çäklendirme girizilen döwletleriň hataryna Angliýa we Ýewropanyň käbir beýleki döwletleri, Hindistan, Günorta Amerika, Eýran, Braziliýa ýaly döwletler hem girdi. Umuman, soňky 20 aýyň içinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň raýaty bolmadyk adamlara ýurda girmäge rugsat berilmedi ýa-da olaryň sany iňňän çäklendirildi.

Täze düzgünlere görä, syýahatçylar mundan beýläk Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna barmak üçin koronawirus pandemiýasyna garşy iki sanjymy kabul edendigi baradaky delilnamany we soňky 72 sagadyň içinde geçen lukmançylyk barlagynyň netijesini görkezmeli bolarlar. Ýöne olaryň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna baransoň karantin gözegçiligine girmek zerurlygy ýok.

Hökümet Kanada we Meksika bilen araçäkleri hem iki sanjymyny kabul eden syýahatçylar üçin açmagy meýilleşdirýär.

Çäklendirmeleriň aradan aýyrlmagy bilen «United Airlines» awiakompaniýasy ýurda häzirki gelýän ýolagçylaryň sanynyň ep-esli artmagyna garaşylýandygyny aýtdy. Şonuň üçin hem awiakompaniýa syýahata meýillileri häzirden pasport gözegçiliginde uzyn nobatlaryň döräp biljekdigi barada duýdurýar.

 

8-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Lukmançylyk ugry boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

Aşgabat — Tokio — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawlary ýola goýlar

Ata Watan Eserleri

Biletler Stambulda satylyp başlandy

Teswirle