JEMGYÝET

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimow bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunlukda iki ýurduň diplomatik gulluklarynyň arasyndaky ysnyşykly özara hereketleriň netijeliligi aýratyn bellenilip geçildi.

Diplomatlar şeýle-de sebit hem-de halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma döredýän derwaýys ugurlary boýunça hem pikirleri alyşdylar.

 

Aýyň topragyndan kislorod öndüriler

 

Related posts

Arkadagyň ak şäheri «Arkadag»

“Gazprom” Türkmenistandan 10,6 milliard kubmetr tebigy gaz satyn aldy

30 futbol meýdançasy ululygynda teleskop

vepa