DÜNÝÄ

ABŞ-nyň Prezidentiniň ilkinji daşary ýurt sapary

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny amala aşyrýar. Şu ýylyň 20-nji ýanwarynda döwlet baştutany wezipesine girişenden soňra Baýden ilkinji saparyny Beýik Britaniýa amala aşyrýar. Ol Beýik Britaniýanyň Saffolk graflygyna geldi.

Baýden bu saparynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson hem-de şa zenany Ýelizaweta II bilen duşuşar. Baýdeniň bu saparynyň esasy maksady bolan G-7-ligiň sammitine gatnaşmakdyr.

Kornuoll ýarym adasynyň kenaryndaky Karbis-Beý şäherçesinde 11-13-nji G-7-niň sammiti geçiriler. G-7-iň düzüminde Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Kanada, ABŞ, Fransiýa, Ýaponiýa ýaly ýurtlar bar.

13-nji iýunda Baýden we onuň aýaly Jill Baýden Beýik Britaniýa şa zenany Ýelizaweta II bilen Windzor köşgünde duşuşar.

Baýden bu saparynyň çäklerinde Brýussele baryp, ol ýerde NATO-nyň ýygnagyna gatnaşar.

16-njy iýunda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin arasynda Şweýsariýada özara duşuşyk geçiriler.

 

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby italýan dilinde

Ýene-de okaň

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy

Mergen Kepbanow: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady

Gazagystanyň daşary işler ministri resmi sapar bilen Aşgabada geldi