TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SÖHBETDEŞLIK

ABŞ-nyň ilçisi Metýu Stefen Klimow bilen söhbetdeşlik

Şu ýyl Türkmenistan bilen dünýäniň ençeme döwletiniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklar täze derejelere göterildi.

Şu geçen 30 ýylda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hem täze mazmun bilen baýlaşdyryldy. Ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklarda bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, köp sanly taslamalar durmuşa geçirildi.

Ine, şu 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ýola goýlan özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanan gatnaşyklar barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Metýu Stefen Klimow bilen geçirilen söhbetdeşlikde giňişleýin gürrüň edildi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Metýu Stefen Klimow Halkara “Atavatan-Türkmenistan” žurnalynyň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.

Halkara “Atavatan-Türkmenistan” žurnalynyň baş redaktory Dr. Döwran Orazgylyjowyň sowallaryna uly höwes bilen jogap beren Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Metýu Stefen Klimow Türkmenistan bilen ähli ugurlardaky gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Şu geçirilen söhbetdeşligi okyjylar köpçüligimize ýetirýäris:  

Hormatly ilçi, söhbetdeşligimiziň başynda Sizi Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys! Geçen 30 ýylda iki ýurduň arasynda ýola goýlan gatnaşyklara nähili baha berýärsiňiz?

Şu  gün diplomatik  gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän söhbetdeşligime mümkinçilik bolany üçin size köp sag bolsun aýdasym gelýär hem-de sözümiň başynda ilki bilen “Atawatan Türkmenistan”  kanalyna alyp barýan işleriňiz üçin, esasan hem,  türkmen dilindäki tomaşaçylara gönikdirilendigi üçin sizi gutlamak isleýärin. Iki ýurduň arasyndaky ýola goýlan gatnaşyklarmyza göz aýlasak, biz Amerikanyň  Birleşen Ştatlary elmydama-da Türkmenistanyň garaşsyzlygyny erkin hem-de özygtyýarlygyny goldap gelendigimizi aýdasymyz gelýär. Öz tarapymdan men şu gatnaşyklarymyzyň kämilleşip ösendigine berk ynanýaryn.

Bilşiňiz ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklara ykdysady ugur has giňdir. Bu ugurda türkmen-amerikan işewür geňeşi hereket edýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ykdysady ugry boýunça gürrüň beräýseňiz? 

Elbetde, şu meseläni galdyranyňyz üçin köp sag bolsun aýdasym gelýär,  sebäbi bilşiňiz ýaly, men Amerikanyň ilçisi hökmünde diňe öz ýurdumy däl-de, eýsem öz ýurdumyzyň önümçiligini hem wekilçilik edýärin. Şunuň bilen baglanyşykly, “John Deere” we “Case Holand” kombaýnlary Türkmenistanyň meýdanlarynda görmek bolýar ýa-da “General Electric” kompaniýasynyň gaz turbinalaryny siziň ýurduňyzyň elektrik bilen üpjün etmäge kömek berýändigini men buýsanç bilen aýdyp bilerin. Mundan başga-da “Boeing” ýolagçy uçarlary adamlary we harytlary daşamaga kömek  edýär. Şeýle hem Amerikanyň kompaniýalary, esasan hem nebitgaz we nebithimýa pudaklarynda öz işlerini alyp barýarlar. Bilşiňiz ýaly, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar adamlardan adamlara bolan gatnaşyklary öz içine hem alýar. Biziň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň pikirine görä, berk Merkezi Aziýa  diýmek, şol Merkezi Aziýa ýurtlaryna öz ykdysadyýetini pugtalandyrmak örän möhüm bolup durýar. Ýagny, eger ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary alyp barmak göz öňüne tutulýan bolsa, onda bu ykdysadyýeti hem öz içine alýar. Berk ykdysadyýetli Türkmenistan berk ykdysadyýetli Merkezi Aziýa diýmekdir.

USAID-iň Türkmenistanda alyp barýan hem-de kiçi we orta kärhanalardaky işleri barada umumy maglumat berseňiz. Belki biziň yzarlaýjylarymyzyň arasynda ýaş telekeçiler bardyr, olara hem USAID maksatnamalary barada käbir düşünjeleri hem berip bilersiňiz? 

Men ýaşlykda boks bilen meşgulanypdym. Şu diýşimiz ýaly, berk pugta güýçli sag elimiz bu biziň ilçihanamyzdaky USAID agentligi bolup  durýar. Sebäbi şu agentligiň alyp barýan maksatnamalary hem-de şu maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin işdäki işleýän hyzmatdaşlarymyz   bar. Olaryň maksatnamalary, dogrudan hem, Türkmenistan üçin örän bähbitli hem-de peýdaly  bolup   durýarmyka  diýýän. Biz hyzmatdaş diýenimizde şu Türkmenistanda önüp ösen, türkmen  medeniýetini  gowy bilýän adamlary şu maksatnamalary durmuşa  geçirmek üçin özümize  çekip, olar bilen işleşip, Türkmenistanyň adamlary,  halky  üçin bähbitli hyzmatdaşlyk alyp  barýarys. Ýagny, USAID-iň alyp barýan işi barada aýtsam, ýakynda men USAID-iň gurnamagynda geçirilen çärä gatnaşypdym. Bu çäre türkmenistanly telekeçileriň, işewürleriň öndürýän önümlerini dünýä ýurtlaryna eksport etmek bilen baglanyşyklydyr. Şol önümleri görkezmek üçin bir çärä gurnady. Şu çäräniň dowamynda türkmenistanly telekeçilerine USAID-iň üsti  bilen öz öndürýän önümlerini mahabat etmäge mümkinçilikleri boldy. Bu mahabat sanly ulgamlarda “ebay” platformasy ýaly ulgamlarda has netijeli bolup durýandygyny aýdýaryn. Emma USAID agentliginiň alyp barýan işler diňe munuň bilen   çäklenmän, has  ýokary   derejede   işleri hem   alyp  barýar, meselem:örän çäkli suw serişdelerini Merkezi  Aziýa ýurtlarynda Türkmenistanda has netijeli we  rejeli ulanmak barada alyp barýan işleri bar. USAID agentliginiň üsti bilen men öz iş  otagymdan çykyp, meýdanlara  baryp, öz elim we öz gözüm bilen görüp, öndürilýän önümler bilen  tanyşmaga mümkinçiligim boldy. Sebäbi ýurduňyzda öndürilýän almadyr ýertudana bolsun  ýa-da ýeralmasy bolsun, şular ýaly ýyladyşhanalara ençeme gezek baryp gördüm. Ýagny, türkmen medeniýetini we türkmen önümlerini dünýä ýurtlaryna    tanyşdyrmak hem-de beýleki ýurtlara eksport etmek bu meniň ilçi hökmünde hem-de USAID agentligiň esasy wezipesi bolup durýar.

Indi ýurtdaky ähli ýaşlary gyzyklandyrýan sorag gelýär. Sorag 30 ýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklarda amala aşyrylan alyş-çalyş maksatnamalary baradadyr we geljek üçin nähili meýilnamalar bar? 

Ýaňy belläp geçişim ýaly, ýaşlykda boksçydym. Eger-de USAID agentligi   meň sag elim bolsa, onda boksçy  hökmünde meň örän pugta güýçli çep elim bolsa, bu maglumat we medeniýet bölümimizdir. Olaryň alyp barýan şu alyş-çalyş maksatnamalary hem-de biziň alyp barýan maksatnamalarymyz diňe Amerikanyň adamlaryny, alymlaryny Türkmenistana getirip, Türkmenistan bilen işleşip, iş alyp barmaklary däl-de,   türkmenistanly alymlary, adamlary hem Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ibermekden ybaratdyr. Bu maksatnamalarymyz diňe bir dereje adamlar üçin däl-de, giň derejede giň gerimli adamlar üçin niýetlenendir. Meselem: mekdeplerdäki ýokary synp okuwçylary hem öz içine alýar ýa-da  ýokary okuw mekdeplerinde okap ýören talyplary ýa-da şol ýokary okuw   mekdepleri tamamlap, aspirantura ýa-da doktorlyk derejesini almak isleýänleri hem öz içine alýar. Geçen hepde Türkmenistanyň Prezidenti, Onuň Alyhezreti Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 14 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen sergisine baryp gördi. Menem şol sergä gatnaşypdym. Şol sergä gatnaşan türkmenistanly   telekeçileriň birnäçesiniň mundan ozal, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşyp, şol maksatnamadan gazanan bilimini we tehnologiýa düşünjesini işewürligi nädip gurnamaga we kämillleşdirmäge gönükdirendigi meni örän begendirdi.

Global pandemiýadan ozal, men Waşingtonda Türkmenistan-ABŞ işewürler geňeşiniň ýolbaşçysy jenap Erik Stýuart bilen duşuşypdym we şonda ABŞ-daky türkmen işewürleri bilen Türkmenistanda türkmen işewürleri bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän amerikaly işewürleriň arasynda aragatnaşyk saklamak barada pikir alyşdyk. Bular barada nämeler aýdyp bilersiňiz? 

Men ýaňy  agzap geçen käbir düşünjeleri şu ýerde birleşdirmek isleýärin. Ýagny, biziň alyp barýan alyş-çalyş maksatnamalarymyz togtadylmady,  olar dowam edýär we alnyp barylýar. Ýagny “Fulbright” ýa-da “Muskie” maksatnamalary, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary üçin niýetlenen “Flex”  maksatnamalaryň hemmesi dowam  edýär. Şu ýerde ýaňy diýen işewürlik meselesine geldik. Meň Türkmenistan-ABŞ işewürler geňeşiniň ýolbaşçysy jenap Erik Stýuart bilen iş alyp barýaryn, biziň şu işimiň dowamynda şu ýylyň dowamynda Türkmenistana wekiliýet getirmegi   meýilleşdirýäris we wekiliýete Amerikanyň görnükli uly kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem goşular. Ýagny, Türkmenistandan Amerika gidýän ýaş talyplardyr işewürler ol ýerde okap, öz okuwlaryny tamamlap, Türkmenistana tehnologiýadyr sanly ulgamlar bolan täze bilimler bilen gelip, Türkmenistandaky öz işlerini kämillleşdirmäge we ösdürmäge mümkinçilik alýarlar. Ýagny  munuň   netijesinde, iki tarap üçinem, iki ýurt üçinem özara bähbitli söwda gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy diýmekdir.

Ýaňy siz ABŞ-nyň alyş-çalyş maksatnamalary barada belläp geçdiňiz, ABŞ-da öz hasabyna okamak isleg bildirýänlere ABŞ-nyň ilçihanasy nämeler edip biler?

Elbetde, bu örän gowy sorag sebäbi biz amerikalylar Türkmenistanyň medeniýetini bolsun, bilimini bolsun kämilleşdirmäge öz kömegimizi ýetirsek, mundan başga zat ýokdur. Türkmenistanly ýaşlary Amerikada okatmak üçin biz elimizden gelen kömegi berýäris. Sebäbi bu diňe siziň medeniýetiňizi, bilim ulgamyňyzy däl-de, eýsem biziň hem medeniýetimizi baýlaşdyrmaga kömek berýär. Biziň alyp barýan alyş-çalyş maksatnamalarymyz bolsun, ýa-da başga öz maliýeleşdirmegi bilen Amerikada okamaga isleg bildirýänler üçin ähli maglumatlar biziň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanasynyň web sahypasynda bar. Wiza üçin nähili talaplar gerek ýa-da haýsy maksatnamada gatnaşmak üçin nähili talaplar gerek ähli maglumatlary şol ýerden okap alyp bilersiňiz. Hem-de bu maglumatlaryň arasynda Amerikanyň hödürleýän talyp haklary barada hem maglumatlar bar. Sebäbi Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň  serhetleri hemmeler açyk, islendik adam syýahat edip biler. Meniň nygtamak isleýän  bir zadym bar. Soňky birnäçe aýyň dowamynda Amerikanyň maliýeleşdirýän maksatnamalary bilen hem-de öz maliýeleşdirmegi bilen Amerikada okamaga isleg bildirýänler Amerika wiza  alyp, Amerika gitmäge  mümkinçilikler gazandylar, okap ýörler.

Biz ABŞ-nyň ilçihanasynyň web sahypasyny yzygiderli yzarlaýarys we maglumatlary yzarlaýanlarymyz üçin täzeläp durýarys. 

Elbetde diňe biziň web sahypamyz däl, başga şular ýaly maglumatlary almak üçin siz biziň ilçihanamyzyň maglumat we medeniýet bölümine hem ýüz  tutup bilersiňiz. Sebäbi ol ýerde biziň her gün alnyp barylýan maksatnamalarymyz bar. Käte myhman çagyrylýar, olar iňlis we türkmen dillerinde temalar esasynda gürrüň berýär. Biziň örän uly hem-de  köp serişdeler bolan kitaphanamyz bar. Olardan hem peýdalanyp bilersiňiz.

– Iňlis dilini öwrenmek mümkinçilikleri barada aýdylanda, biziň taýýar taslamamyz bar, ol hem onlaýn “Makul Sözlük”. Bu pikir mende Stanfor uniwersitetiniň kitaphanasynda wagty döräpdi. Biziň ýene-de durmuşa geçirmegi göz öňünde tutan başga bir taslamamyz bar. Biz hepdede 3 gezek mugt iňlis dili sapaklarynyň bermek isleýäris. Onda başlangyç tapgyryndan has çylşyrymly tapgyrlary öwretmek göz öňünde tutulýar. Siziň jemgyýetçilik diplomatiýa bölümiňiz iňlis dilini öwretmek babatda iş alyp barýar. Şolar barada gürrüň beräýseňiz?

– Men amerikaly bolup, iňlis dilini bilýän diýip aýdamok, emma şu siziň alyp barýan işleriňizde  “Atavatan Türkmenistan” kanalynyň türkmen dili, türkmen medeniýeti barada hem-de türkmenistanly şu tomaşaçylaryňyz üçin alyp barýan işiňizde özüm ýokary baha berýärin. Emma munuň bilen  çäklenmän, bilşiňiz ýaly iňlis dili dünýä dili diýlip hasaplanýar, ýagny ikitaraplaýyn ýa-da köptaraplaýyn işler ýa-da bilim babatda hem şu dil ulanylýar. Medeniýet hem maglumat bölüminiň ýolbaçysy siziň   ýurduňyzyň iňlis dili mugallymlary yzygiderli iş alyp barmak üçin tagalla edýär. Şu mesele boýunça biz web sahypamyzda ýa-da maglumat medeniýet bölümizde ýüz tutup bilersiňiz. Olar yzygiderli täze maglumatlar täze alnyp barylýan işleri bilen habardar ederler.

– Ýakynda ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň 30 ýyllygyna bagyşlanan metbugat ýygnagyny geçirdiňiz. Medeni miras barada maglumatlar berdiňiz. Bu ugurda gysgaça maglumat berip bilersiňizmi? 

– Bilşiňiz ýaly, şu babatdaky işler örän giň alnyp barylýar. Biziň Ilçihanamyzyň alyp   barýan işleriniň biri taryhy hem-de medeni mirasy gorap saklamak bilen baglynyşyklydyr. «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy» atly maksatnama bar. Bu maksatnama dünýä boýunça alnyp  barylýan maksatnamadyr hem-de Waşington tarapyndan maliýeleşdirilýän taslama bolup durýar. Şunuň bilen birlikde Türkmenistanda şu maksatnamanyň  çäklerinde alnyp  barylýan taslamalaryň sany 30-a ýetdi. Bu san dünýäniň islendik başga ýurtlarda alnyp barylýan taslamalaryň sanyndan has köpdür. Bu sana elbetde haýran galmak mümkin däl, sebäbi Türkmenistan gadymy Ýüpek ýolunyň edil merkezinde ýerleşýändigi üçin hem gündogary hem-de günbatary birleşdirýän ýer bolup durýar. Taryhy hem-de medeni mirasa degişli zatlaryň köp bolmagy tötänleýin däldir. Şu maksatnamada bellemek isleýän bir zadym bar. Bu maksatnamanyň çäklerinde alyp barýan taslamalar bilen Türkmenistanda ýerleşen taryhy ýädigärlikleri dünýä ýaýmak, dünýä jemgyýetlernie ýaýmak örän aňsat bolýar. Meniň özümem taryhy ýädigärlikleri baryp görenimde, şol ýerde kiçi ýaşly çagalaryň, mekdep   ýaşly  çagalaryň taryhy ýädigärlik bilen tanyşýandygyny görýärin, bu duýgy maňa örän gowy täsir edýär.

– Golaýda biziň kanalymyz taryhy ýadyrgärlikler barada tanyşdyrmak maksady bilen täze işe başlady. Türkmenistanyň halkyna we daşary ýurtlulara Seýit Jemalleddin metjidi barada maglumat berildi.

Örän ajaýyp ýer,  hut meň özümem baryp görüpdim. Dogurdanam, taryhdan galan baý taryhy mirasyňyz bar.

– Söhbetdeşligiň ahyrynda şahsy sowal bermekçi. Siz diplomatik işiňiziň çäklerinde köp sanly ýurtlarda bolduňyz. Türkmenistan siziň maşgalaňyzda nähili täsirleri galdyrdy? 

– Maňa bir gezek şeýle sowal bilen ýüzlendiler, ýagny siz giden ýeriňize giden saparlaryňyza ýa-da  duşuşyklara gideňizde, öz ýanyňyz bilen maşgalaňyzy alyp  barýarsyňyz. Meniň  berýän jogabym men öz işimi gowy etmäge synaşýan, ýagny  meniň işim biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak, ösdürmek bolup durýar. Hem-de şu edýän  işiňizden özüňizde döreýän  kanagatlandyrma duýgusy onuň bilen bilelikde gelýän bagt, begenç duýgusyny siz diňe özüňizde saklaman, ýakynlaryňyz we maşgalaňyz bilen paýlaşsaňyz, ol  ýetip bolmajak  bagt  bolup durýarmyka  diýýän. Türkmenistan bilen tanşanymdaky mende emele gelýän duýgulary öz maşgalam bilen öz ýakynlarym  bilen paýlaşmak bu dogurdanam  aýratyn bir duýgumyka diýmek isleýärin.

– Men ýaňy soňky sowal diýipdim. Ýöne ýene bir sowal geldi. Eger, siz amerikalylara Türkmenistan barada 3 zat aýtjak bolsaňyz. Nämeler aýdardyňyz? 

Birinjisi, elbetde, siz  kitap okap  bilersiňiz  ýa-da dürli başga  maglumat  edinip bilersiňiz, emma   welin bir ýeri öz gözüňiz bilen  görmek düýbünden başga bir zat. Men şu adamlara  Türkmenistan syrlardan doly bir ýurt diýip aýdardym. Diňe bir görmek  üçin däl-de, baryp öz  gulagyňyz bilen eşitmek üçin, öz gözüňiz bilen görmek üçin hökman baryň diýerdim. Ikinjisi Türkmenistana baryp, türkmenistanly bir maşgalada halynyň üstünde oturyp, çörek iýmeli. Sebäbi bu hem düýbünden aýratyn duýgudyr. Indi hakyky bir meselä  gelesim gelýär. Türkmenistan günbatar  bilen gündogaryň duşuşýan ýeri hem-de  geosyýasy  nukdaýnazardanam  örän möhüm bir  ýer bolup durýar. Egerde dünýädäki bolup  geçýän     ýagdaýlary wakalary düşünmek isleseňiz, onda hökman şu  Türkmenistana  gelip, şu ýerden başlap bilersiňiz  diýerdim. Amerikalylaryň aýdyşy ýaly, hemmesi şu ýerde başlaýar. Biz 30 ýyldan bäri, ikitaraplaýyn  gatnaşyklarymyzy alyp barýarys hem-de bu gatnaşyklary 30 ýyl mundan soňam dowam eder, soň ondan soň ýene 30 ýyl şeýdip dowam ederis.

Bellik: söhbetdeşligiň wideoýazgysyny “Atavatan TV Youtube” kanalyndan türkmen we iňlis dilinden tomaşa edip bilersiňiz.

              

 

Applikasiýasyny mugt ýükläp alyň!

 

Ýene-de okaň

Çary Berdiýew – sungata aşyk ynsan

Batyr Çaryýew – sungata baglanan ykbal

Gözel Annahanowa: sungat ýolunda kemal tapan ýüregim

Ata Watan Eserleri

Teswirle