JEMGYÝET

ABŞ-nyň ilçihanasyndan möhüm wiza bildirişi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy talyp we migrant wizasyny almak üçin söhbetdeşlikleri geçirmek işini täzeden ýola goýandygyny mälim etdi.

Bu barada ABŞ-nyň ilçihanasynyň jemgyýetçilik torunda habar berilýär. Bu babatda berlen habara görä, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy ähli kategoriýalardaky migrant wizasyna hem-de K wiza görnüşine ýüz tutmak işini täzeden ýola goýandygyny uly buýsanç bilen habar berýär.

2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan ýola goýlan bu ýüz tutmak işiniň çäklerinde ilçihananyň ähli işgärleriniň saglygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen çäkli ýüz tutmalara serediljekdigi mälim edilýär.

Ilçihananyň Konsullyk gullugy migrant wizasy alyjylara wiza almak üçin söhbetdeşlige çagyrylmagy babatda degişli habarlaşmak işlerini amala aşyrar.

Şeýle hem talyp we iş wizalary hem çäkli görnüşdedir. Munuň üçin “ConsularAshgab@state.gov.” elektron poçtasyna ýüz tutmak bolar.

B1 / B2 (syýahatçylyk / işewürlik) wiza üçin ýüz tutmak işiniň ýola goýulmandygyny hem bellemek gerek. Syýahatçylyk maksatly wiza amallarynyň hem gysga wagtda ýola goýmak meýilleşdirilýär, ýöne entek anyk möhlet görkezilmändir.

ABŞ-a gitmek üçin talaplar babatda maglumat almak üçin şu web-saýta seredip bilersiňiz: https://travel.state.gov/content/travel/en/us-visas/visa-information-resources/covid-19-travel-restrictions-and- exceptions.html

 

13-nji iýuldaky howa maglumaty

 

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar