SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ABŞ-dan dünýä ýurtlaryna mugt sanjym

ABŞ-nyň hökümeti dünýäniň ähli ýurduna 110 million doza sanjymy mugt iberdi. Şonuň 23 million dozasy Günorta-Gündogar Aziýa döwletlerine ugradyldy. Bu barada ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris Singapurda eden çykyşynda belläp geçdi.

– Pandemiýa (koronawirus) – serhet kabul etmeýän howp. Haçan-da Prezident Baýden we men wezipämize girişenimizde diňe öz halkymyzy sanjym etmek däl, eýsem tutuş dünýä üçin howpsuz we täsirli sanjym goruny döretmegi maksat edindik – diýip, Kamala Harris aýtdy. Onuň bellemegine görä, ABŞ-nyň hökümeti tutuş dünýä 110 million sanjym iberdi.

Harris ABŞ-nyň hökümetiniň dünýäniň saglygy goraýyş ulgamyny has-da berkitmäge ýardam etmäge taýýardygyny belläp, geljekde ýüze çykyp biläýjek täze wiruslara garşy hem göreşmäge taýýaryklaryny belledi.

Singapurda we Wýetnamda saparda bolan Kamala Harris Aziýa saparyny Wýetnamdaky keselçilik zerarly togtadyp, ABŞ-a yzyna dolanýar. Ol Wýetnama goşmaça ýene-de 1 million doza möçberinde sanjym kömegi bermek babatda wada berdi. Wýetnam häzirki wagtda sanjym etmek babatda öz sebitinde yzda barýar.

 

Gaiti üçin 1,12 milliard dollar gerek

Ýene-de okaň

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy

Türkiýäniň ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklary

Ata Watan Eserleri

Balkanda we Lebapda 150 orunlyk, Maryda 200 orunlyk onkologiýa hassahanasy gurlar

Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri ornaşdyrylar

Türkmenistan Gruziýadaky Bütindünýä syýahatçylyk forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniñ jana şypaly şypahanalary