BIZNES

ABŞ-da ugleroddan azat zawod gurar

Dürli oýunjaklary we konstruktorlary öndürýän Daniýanyň “LEGO Group” kompaniýasy ABŞ-da uglerod zyňyndylaryny doly azaltmaga mümkinçilik berýän zawod gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

– “LEGO Group” kompaniýasy Wirjiniýa ştatynyň Çesterfild sebitinde täze zawod üçin 1 milliard dollardan gowrak maliýe serişdelerini gönükdirmegi maksat edinýär. 160 müň inedördül metr meýdana guruljak zawodda 1760 adam zähmet çeker – diýlip, kompaniýanyň metbugat beýannamasynda bellenilip geçilýär.

Zawodyň ähli energetika üpjünçiligi gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleriniň hasabyna üpjün ediler. Munuň üçin zawodyň öz Gün elektrik stansiýasyndan elektrik energiýasy öndürilip, şondan peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Desga iň az möçberde elektrik energiýasyny sarp etmek görnüşinde taslamalaşdyrylar. Onuň gurluşygyna güýzde başlamak göz öňünde tutulyp, 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Täze desga kompaniýanyň dünýädäki 7-nji, Amerikadaky 2-nji zawody bolar.

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmenistan-durnukly-osus-boyunca-sebit-sammitine-gatnasyar/

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder