TEHNOLOGIÝA

ABŞ-dan çip öndürmek üçin 280 milliard dollarlyk goldaw

Çip öndürmek üçin 280 milliard dollarlyk höweslendiriş kanuny ABŞ-da tassyklandy. Bu kanun taslamasy ýarymgeçiriji öndürmek üçin takmynan 52 milliard dollar subsidiýany, şeýle hem zawodyň gurulmagyny höweslendirmek üçin dört ýyl üçin 25 göterim salgyt azaltmagy öz içine alýar.

ABŞ-nyň Wekiller palatasy ýurtda çip önümçiligini artdyrmak we bu ugurda 280 milliard dollar kömegi göz öňünde tutýan, şeýle hem Hytaý bilen has gowy bäsleşmek üçin taýýarlanan kanun taslamasyny tassyklady.

Taslamanyň kanuna öwrülmegi üçin ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň tassyklamagy zerurdyr.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bu habary ýurduň möhüm kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygynda aldy we Kongres agzalaryna bu kanun taslamasyny göni ýaýlymda kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ýarymgeçirijiniň önümçiligini ýokarlandyrmak baradaky kanun taslamasy, awtoulaglardan elektronika çenli köp pudakda önümçiligi haýalladan çip ýetmezçiliginiň öňüni almagy maksat edinýär.

 

Gadymy dinozawryň skeleti 6 million dollara satyldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar

Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalary işläp taýýarlanylýar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Soňky 3 ýylda emeli Intellekt baradaky çaklamalar näderejede üýtgedi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Hemişe onlaýn: «TELECOMWIFI» we «TM CELL»-iň amatly internet teklipleri

«Türkmentelecom» «bulut» infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini artdyrýar