DÜNÝÄ

Abbas Aragçi – Eýranyň täze daşary işleri ministri

Eýran Yslam Respublikasynyň Parlamenti ýurduň Prezidenti Masud Pezeşkianyň Ministrler Kabinetiniň düzümi üçin hödürlän ähli dalaşgärlerini tassyklady. Bu barada Eýranyň metbugat neşirleri habar berýär.

– Eýranyň Mejlisi Ministrler Kabinetiniň täze düzümi üçin hödürlenen dalaşgärleri tassyklady – diýlip habar berilýär.

Hususan-da, Abbas Aragçi 244 ses alyp, Eýranyň täze daşary işler ministri boldy. Şeýle hem goranmak ministri wezipesine Amir Aziz Nazirzade, Eýranyň ozalky Merkezi bankynyň başlygy Abdolnaser Hemmati ykdysadyýet ministri, Mohsen Paknejad nebit ministri, Eskander Momeni içeri işler ministri, Abbas Aliabadi energetika ministri wezipesine bellendi.

Eýranyň Prezidenti hem öz gezeginde ýurduň parlamentiniň hödürlenen dalaşgärleri tassyklajakdygyna umyt bildirýändigini belläp geçipdi.

Eýranyň Ministrler Kabinetiniň täze düzüminiň dalaşgärleriniň ortaça ýaşy 60 ýaşdan pesdir. Iň ýaş ministr dalaşgäri 1976-njy ýylda doglan, iň ýaşy ulusy 1957-nji ýylda doglandyr.

Şeýle hem 13 ýyldan gowrak wagtdan soňra zenan maşgalada ministr wezipesine dalaşgär görkezildi.

 

Eýranyň täze hökümeti: 13 ýyldan soňra zenan ministr

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy