SPORT

“Real” myhmançylykda “Mançester Sitini” ýeňdi

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary myhmançylykda Angliýanyň “Mançester Siti” toparyny UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finala çykmak üçin oýnalýan pleý-off tapgyrynda 3:2 hasabynda ýeňmegi başardy. Bu hem ispan toparyna 19-njy fewralda oýnaljak jogap duşuşygy üçin artykmaçlyk gazandyrdy.

Iňlis toparynyň gollaryny Erling Holand öz adyna ýazdyrdy. Norwegiýaly futbolçy duşuşygyň 19-njy minutynda hem-de 80-nji minutynda tapawutlandy. Ol ikinji goluny 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.

Ispan topary bolsa, 60-njy minutda Kilian Mbappe, 87-nji minutda Braham Dias hem-de 90+2-nji minutda Jud Bellingemiň gollary bilen ýeňiş gazandy.

Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň netijesi boýunça 8 topar gönüden-göni 1/8 finala çykdy. Ýene-de 16 topar iki duşuşykdan ybarat oýun oýnap, 1/8 finala çykmaga synanyşýar.

Hem “Real Madrid” hem-de “Mançester Siti” toparlary umumy tapgyrda oňat netije görkezip bilmedi. “Real” 11-nji, “Siti” bolsa 22-nji orny eýeledi.

 

Ýene-de okaň

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy

AFK Çempionlar ligasy 2: «Arkadag» ilkinji tapgyry 1 utuk bilen başlady

Türkmen türgenleri bir halkara ýaryşda 40 medal gazandy

«Ahal» topary Hindistanda ýeňiş gazandy

Ronaldo Saud Arabystanyda “Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Luka Modriç 64 ýyllyk rekordy täzeledi