BIZNES

2025-nji ýylda Türkmenistanda 3000 täze iş orny dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum maksatnamasyny tassyklamak hakynda» karara gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bu maksatnama laýyklykda 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3000-den gowrak täze iş orunlaryny döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde  hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak meýilleşdirilýär.
2025-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 40 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryny gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Maýa goýum forumy (TIF) we sergisi

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmagy meýilleşdirilýär

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty «deňiz derwezesi» ornuny berkidýär

Maliýe pudagyndaky türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Özbegistan söwda dolanyşygyny 2 milliard dollara ýetirer

Türkmenistan ulag ulgamyna 48 milliard manatdan gowrak maýa goýdy