SPORT

Messi fransuz toparynyň düzüminden daşlaşdyryldy

Fransiýanyň “PSŽ” topary argentin ýyldyzy Lionel Messi toparyň düzüminden 2 hepdelik daşlaşdyryldy. Bu barada Fransuz neşirleri habar berýär.

Neşirleriň habaryna görä, Lionel Messi toparyň ýolbaşçy we tälimçi düzümine habar bermän, Saud Arabystanyna gidipdir. Saud Arabystanyda bolan Messi toparyň düzüminden 2 hepdelik çykaryldy.

Şeýle hem Messi toparyň türgenleşiklerine hem gatnaşmaýar, şol sanda wagtlaýyn daşlaşdyrylan döwründe aýlyk haky hem tölenmeýär.

Toparyň rugsady bolmazdan, Saud Arabystanyna giden Messi bu ýurduň syýahatçylyk boýunça ilçidir.

35 ýaşyndaky Messi “PSŽ” toparyň düzüminde şu möwsümde 37 duşuşykda oýnap, 20 gol geçirdi. Ol 2021-nji ýylda toparyň hataryna goşulypdy.

Ýene-de okaň

AFC-2 Çempionlar ligasy:  “Ahal” topary duşuşyklaryny «Arkadag» stadionynda geçirer

“Fenerbahçe” topary Ederson we Asensiony satyn aldy

Isak Angliýanyň taryhynda iň gymmat futbolçy boldy

Alehandro Garnaço “Çelsi” toparynda çykyş eder

“Kaýrat” toparynyň tälimçisine awtoulag sowgat edildi

CAFA Milletler kubogy: Türkmenistan – Gyrgyzystan duşuşygy 1:1 tamamlandy

Ata Watan Eserleri