JEMGYÝET

Arkadag şäheri ÝUNESKO-nyň edarasynda tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçisi we ÝUNESKO-daky Hemişelik wekili Maksat Çaryýew ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň Afrika we daşary gatnaşyklar boýunça orunbasary Firmin Eduard Matoko bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda döredijilikli we netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilim, medeniýet, ylym we tehnologiýa ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine kanagatlanma bildirildi.

ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Firmin Eduard Matoko, ÝUNESKO tarapyndan guralýan köp sanly taslamalara gatnaşýandygy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşykda ilçi Arkadag şäheri bilen tanyşdyrdy. Ilçi şäheriň iň döwrebap tehnologiýalar esasynda we daşky gurşaw talaplaryna laýyklykda gurlandygyny we onuň şäher infrastrukturasyny ösdürmekde öňdebaryjylardan biri bolmak üçin ähli mümkinçilikleri bolan innowasiýa taslamasydygyny aýtdy.

ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Firmin Eduard Matoko, durnukly ösüş düşünjesini, şeýle hem innowasiýa we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary we şäher gurşawyny ulanmak ýaly ÝUNESKO-nyň degişli mandatlaryna esaslanyp, Arkadag şäheriniň gurluşygynda gazanylan üstünliklere ýokary baha berdi.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň Prezidentine köşekli arwana düýe sowgat berildi

Awazadaky taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: resminamalar toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidentine ahalteke bedewini sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Türkmenistana we Azerbaýjana uglewodorod ýataklary özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk teklip etdi

Türkmenistan Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan-Özbegistan-Azerbaýjan» üçtaraplaýyn duşuşygy başlady

Ata Watan Eserleri