TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

8-nji sentýabr – Halkara žurnalistleriň raýdaşlyk güni

Maksadyňyz dünýäni üýtgetmek bolsa, žurnalistikanyň has gysga ýoldugyna ynanýaryn Tom Stoppard

Her bir käriň, hünäriň öz tapawutly taraplary bar. Bu durmuşymyzy onsuz göz öňüne getirmek mümkin bolmadyk derejede bolan žurnalistika hünäri barada hem şeýledir. Žurnalistika öz gözbaşyny asyrlaryň, müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Bu ilkinji dörän hünärleriň hatarynda durýar. Irki döwürlerde adamzat hemişe gyzgyn habarlar bilen üpjün edilmäge mätäçlik çekipdir. Şeýlelikde jemgyýeti habarlar bilen üpjün edýän kär bolan žurnalistika döräpdir. Wagtyň geçmegi bilen žurnalistika kämilleşýär we ol häzriki wagtda dünýä ýüzünde iň abraýly kärleriň biri hasaplanýar.

Eýsem Halkara žurnalistleriň raýdaşlyk gününiň döreýiş taryhy barada nämeleri aýtmak bolar?! Çehoslowakiýaly žurnalist Julius Fuçigiň aradan çykan senesi,  8-nji sentýabr onuň hormatyna Halkara žurnalistlariň raýdaşlyk güni hökmünde belleniýär. Ol žurnalistika hünäri ýerine ýetirmek bilen uly işler bitirdi we 1943-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda aradan çykýar.

Däp bolşy ýaly, her ýyl bu halkara gününde dünýäniň dürli ýurtlaryndan žurnalistleriň gatnaşýan ýygnaklary hem-de konferensiýalar geçirilýär.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, ýaş žurnalistleri taýýarlamak ugrunda birnäçe işler alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde žurnalistika hünärleri açylyp onda bilim alýan talyplara žurnalistikanyň inçe syrlary öwredilýär.

Meýlis Sadykow

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

«Bagtyýarlyk» gaz käninde täze taslama badalga berildi

 

 

Ýene-de okaň

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk jemlendi

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

Teswirle