DÜNÝÄ

70 ýyldan bäri tagtda

Ýetip gelýän 2022-nji ýyl Beýik Britaniýa üçin hem wajyp ýyllaryň biri bolar. Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II tagtdaky 70 ýyllygyny bellär. Şa zenanynyň “platin” ýubileý ýyly mynasybetli Beýik Britaniýanyň Patyşalyk zikgehanasy üýtgeşik şaýy puluny çykarjakdygyny mälim etdi.

50 pens (Angliýada pul birligi) möçberindäki şaýy pulunyň bir tarapyndan 70 san belgisi bolar. Ol şa zenany Ýelizaweta II ýurdy dolandyryp gelýän ýyllaryny, ýagny 1952-2022-nji ýyllary alamatlandyrar.

Şaýy pulunyň gyrasynda “Ömrümiň ähli günlerinde size hyzmat ederin” diýlen ýazgy ýerleşdiriler. Ross Osbornyň dizaýnyny şa zenanynyň özi hem tassyklady.

Bu şaýy puly 4-nji ýanwardan Patyşalyk zikgehanasynyň internet sahypasynda 30 funt-seterlinge (40 dollar) satuwa çykarylar.

 

Hytaý-Merkezi Aziýa: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyly

Related posts

Türkmenistan bilen ÝUNOPS-yň hyzmatdaşlygy

Gazagystan Sian şäheriniň portunda logistika merkezini döreder

Ata Watan Eserleri

Daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy